20-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde guramagynda «Arzuw ganatlary» atly dabara geçirildi. Bu barada THP habar berýär.
Çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, şeýle-de ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, KHBS-iň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdy.
Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Soňra Gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, bu dabaranyň haýyr-sahawat gaznasy bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň nyşany bolup durýandygyny belledi. O.Atabaýewa dogry iýmitlenme, saglygy goraýyş, ene-atalygy goldamak we inklýuziw bilimi ilerletmek ugrundaky bilelikdäki işleriň ähmiýetini nygtap, her bir çaganyň bähbidine gönükdirilen tagallalaryň geljege goýulýan gymmatly maýa goýumdygyny aýtdy.
Şeýle-de ol 11-nji dekabrda döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän ÝUNISEF-i şanly sene bilen gutlady.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilýän çäräniň ähmiýetine ünsi çekip, her bir çaganyň arzuwynyň hasyl bolmagy üçin şertleri döretmegiň umumy jogapkärçilikdigini belledi hem-de çagalary goramak ulgamynda Türkmenistan bilen durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna şu ýylky Bütindünýä çagalar gününiň «Meniň günüm, meniň hukuklarym, meniň geljegim» atly çäräniň howandarlygynda geçýändigini we Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň döredilmeginiň şanly senesini dabaralandyrýandygyny belledi. Ol Aşgabatda we Daşoguzda ene-atalary goldamak boýunça synag toparlarynyň ýola goýlandygyny, Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Bilim ministrlikleri bilen bilelikde «Çaganyň saglygy» ykjam goşundysynyň taýýarlanylýandygyny habar berdi.
Soňra myhmanlar «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň «Akja kepderi» atly aýdym-sazly kompozisiýa bilen açylan çykyşlaryna tomaşa etdi hem-de «Arzuw ganaty: her bir çaga üns merkezinde», «Maşgala meýdançasy», «Ýaşyl mekdepler», «Çagalar we ekologiýa medeniýeti» we «Döredijilik çagalary» atly pawilýonlary, şeýle-de ÝUNISEF-iň we haýyr-sahawat gaznasynyň pawilýonlaryny synlady.