Çimaýew, Dwalişwili, Alp Arslan… Şu gün RAF Abu Dhabi ýaryşynda garaşylýan tutluşyklar

Şu gün, 13:562,299
1 / 8

Şu gün agşam BAE-niň paýtagtyndaky Ýas adasynyň «Etihad Arena» toplumynda Real American Freestyle (RAF) Abu Dhabi ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy tutluşygynda ýarym agyr agram derejesinde (Light Heavyweight Crossover) çempionlyk tituly ugrunda UFC-niň ýyldyzlary — 32 ýaşly Hamzat Çimaýew we 42 ýaşly Kris Waýdman duşuşar.

BAE-niň adyndan çykyş edýän Çimaýew bilen boljak tutluşykda amerikaly söweşiji, UFC-niň orta agramda öňki çempiony we UFC-niň Şöhrat zalynyň agzasy Waýdman şikes sebäpli ýaryşdan çekilen amerikaly Kolbi Kowingtony çalyşdy.

Ýöne erkin göreşiň türkmen janköýerleri üçin esasy waka düýbünden başga bir tutluşyk bolar. Her kim 20 ýaşly ildeşimiz Alp Arslan Begenjowyň RAF-daky ilkinji çykyşyna garaşýar.

Onuň garşydaşy — 35 ýaşly amerikaly Kaýl Deýk birinji agyr agram derejesinde (Cruiserweight, 86 kg) liganyň häzirki çempiony, dört gezek dünýä çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek bürünç medalynyň eýesi. RAF ligasynda Deýk heniz ýeňlişe sezewar bolmady: onuň hasabynda alty tutluşykda alty ýeňiş bar. Begenjow bilen boljak duşuşyk onuň üçin çempionlyk titulynyň nobatdaky goragy bolar.

Alp Arslan geljegi uly türkmen göreşijileriniň biri hasaplanýar. 2024-nji ýylyň sentýabrynda ol Pontewedrada 79 kg çenli agram derejesinde dünýä birinjiliginde ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň taryhynda ýetginjekleriň arasynda (U20) erkin göreş boýunça ilkinji dünýä çempiony boldy. Şol ýyl türgen Aziýanyň ýetginjekler çempionatynyň altyn medalyny hem gazandy. 2026-njy ýylda Begenjow 86 kg çenli agram derejesine geçdi we Bratislawada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň bürünç medalyny eýeledi.

Mundan başga-da, ýaryşda Merab Dwalişwili bilen Marlon Moraesiň tutluşygyna aýratyn üns berler. Abu-Dabiniň myhmanhanasynda Dwalişwili bilen Usman Nurmagomedowyň arasynda bolan wakadan soň bu tutluşygyň geçirilmegi sorag astyna düşüpdi. KHBS-iň maglumatyna görä, dawa-jenjelden soň gruziýaly türgen 48 sagat diýen ýaly tussaglykda saklandy. Muňa garamazdan, Dwalişwili barybir tutluşyga çykmak kararyna geldi.

Dwalişwili we Moraes üçin bu ilkinji özara duşuşyk bolmaz. 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda olar eýýäm UFC oktagonynda biri-biriniň garşysyna çykypdy. Şonda gruzin türgeni ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazandy.

Ýaryşyň ýene bir gatnaşyjysy — gruzin türgeni Saba Lazişwili karda iň soňky pursatda goşuldy. Gyzykly ýeri, türgen Dwalişwiliniň ýakyn dosty we sparring-ýoldaşydyr. Ol hem ýokarda agzalan Usman Nurmagomedow bilen bolan köpçülikleýin dawa-jenjele gatnaşypdy.

Ilkibaşda UFC-niň amerikan weterany Ýuraýýa Feýber Usmanyň dogany — UFC-niň rus söweşijisi Umar Nurmagomedow bilen tutluşmalydy, ýöne ony gatnaşyjylaryň sanawyndan aýyrdylar. Indi Feýberiň garşydaşy Lazişwili bolar.

Mundan başga-da, bu agşam ýene birnäçe ýyldyzlaryň duşuşyklaryna garaşylýar. Hususan-da, Abdulraşid Sadulaýew we Kennedi Bleýds çempionlyk tutluşyklaryny geçirer. Düşege Jordan Barrouz, Kaýl Snaýder, Arman Sarukýan, Zabit Magomedşaripow we beýleki meşhur türgenler hem çykar.

Ýaryşyň başlanmagy Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-a meýilleşdirilýär. Tutluşyklara liganyň resmi YouTube kanalynda tomaşa etmek bolar.

Ýaryşyň häzirki kardy şeýle görnüşde:

  • Hamzat Çimaýew (BAE) — Kris Waýdman (ABŞ);

  • Arman Sarukýan (Ermenistan) — Neýman Greýsi (Braziliýa);

  • Zabit Magomedşaripow (Russiýa) — Giga Çikadze (Gruziýa);

  • Abdulraşid Sadulaýew (Russiýa) — Dauren Kurugliýew (Gresiýa);

  • Kaýl Deýk (ABŞ) — Alp Arslan Begenjow (Türkmenistan);

  • Ýuraýýa Feýber (ABŞ) — Saba Lazişwili (Gruziýa);

  • Jordan Barrouz (ABŞ) — Azamat Nurikow (Belarus);

  • Kaýl Snaýder (ABŞ) — Şamil Ärdogan (Türkiýe);

  • Murtaza Talha (Bahreýn) — Usama Elsaidi (Müsür);

  • Diana Awsaragowa (Russiýa) — Julianna Penýa (ABŞ);

  • Merab Dwalişwili (Gruziýa) — Marlon Moraes (Braziliýa);

  • Zahid Walensiýa (ABŞ) — Hidir Saýpudinow (Bahreýn);

  • Kennedi Bleýds (ABŞ) — Bella Mir (ABŞ).