Las-Wegasda UFC Fight Night 293 ýaryşy tamamlandy. Agşamyň esasy tutluşygynda braziliýaly agyr agramly söweşiji Jonni Woker Dominikan Respublikasynyň wekili Waldo Kortez-Akostany tehniki nokaut bilen ýeňdi.
Tutluşyk üçünji raundyň ortalarynda tamamlandy.
34 ýaşly Woker üçin bu ýeňiş professional karýerasyndaky 24-nji ýeňiş boldy. Ol şu wagta çenli 10 gezek ýeňlişe sezewar bolupdy. 35 ýaşly Kortez-Akosta bolsa 17 ýeňşi bilen birlikde bäşinji gezek utuldy.
UFC Fight Night 293 ýaryşynyň netijeleri:
Jonni Woker Waldo Kortez-Akostany tehniki nokaut bilen ýeňdi (3-nji raund, 2:27);
Tatýana Suares Wirna Žandirobany eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda ýeňdi (30-27, 30-27, 29-28);
Elaýja Smit Deýwi Granty nokaut bilen ýeňdi (1-nji raund, 1:00);
Lukas Fernando Billi Elekanany eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (29-28, 29-28, 29-28);
Nina Nikoliýa Miloşewiç Prisila Kaşoeýrany tehniki nokaut bilen ýeňdi (2-nji raund, 3:40)
Mitç Raposo Markos Deglini eminleriň biragyzdan gelen karary netijesinde ýeňdi (29-28, 29-28, 29-28);
Oliwer Şmid Keýitiro Nakamurany eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (29-28, 29-28, 29-28);
Tomas Petersen Gabriel Lourensony tehniki nokaut bilen ýeňdi (3-nji raund, 4:47);
Karin Silwa Gabriella Fernandesi eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (29-28, 29-28, 29-28);
Murtazaly Magomedow Žoze Delanony eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda ýeňdi (29-28, 29-28, 29-28);
Ostin Başi Karlos Kalderony bogmak usuly bilen ýeňdi (1-nji raund, 1:07);
Andre Petroski Mantas Kondratýewiçýusy tehniki nokaut bilen ýeňdi (2-nji raund, 4:16);
Sok Hýon Ko Wellington Turmany eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňdi (30-27, 30-27, 30-27);
Žoze Enrike Souza Jonni Parsonsy nokaut bilen ýeňdi (1-nji raund, 4:16).