Abu-Dabide geçirilen UFC 333 ýaryşynda awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski çempionlyk ugrundaky tutluşykda russiýaly Mowsar Ýewloýewden üstün çykdy.
Agşamyň esasy tutluşygy ikinji raundda tehniki nokaut bilen tamamlandy. Raundyň ahyrynda Wolkanowski garşydaşyny ýere ýykyp, onuň üstüne yzly-yzyna ýumruk ýagdyryp başlady. Emin ara girip, nokaut yglan etdi.
38 ýaşly Wolkanowski garyşyk başa-baş söweş sungatynda (MMA) 29-njy ýeňşini gazanyp, ýarym ýeňil agram derejesinde UFC çempionlyk guşagyny gorady. Şeýle-de ol karýerasyndaky 14-nji nokautyny amala aşyrdy. Awstraliýaly türgen şu wagta çenli dört gezek ýeňlişe sezewar bolupdy.
32 ýaşly Ýewloýew bolsa yzly-yzyna gazanan 20 ýeňşinden soň karýerasynda ilkinji gezek ýeňildi.