Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ölenden soň öz baýlygynyň nähili ulanyljakdygyny mälim etdi. «The Builders» podkastynda biograf Wolter Aýzekson bilen söhbetdeşlikde telekeçi öz baýlygynyň agramly böleginiň adamzat ösüşi boýunça uzak möhletleýin maksatlaryny amala aşyrmagy dowam etdirjek gazna geçiriljekdigini aýtdy.
Maskyň belleýşi ýaly, gaznanyň esasy wezipeleri adamzady planetara görnüşe öwürmäge ýardam etmekden, adam aňynyň çägini Ýer ýüzünden daşary giňeltmekden we durnukly energetika tehnologiýalaryny ösdürmekden ybarat. Şol bir wagtyň özünde, milliarder geljekki guramanyň gurluşy we haýsy aktiwleriň oňa geçiriljekdigini aýdyňlaşdyrmady.
Mask öz baýlygyny bank hasaplaryndaky pullaryň mukdary bilen deňeşdirmeli däldigini, onuň esasy böleginiň Tesla we SpaceX kompaniýalaryndaky paýlar bilen baglanyşyklydygyny nygtady.
Telekeçiniň aýtmagyna görä, bu aktiwlere eýelik etmek kompaniýalarda aýgytlaýjy sesi saklap galmak üçin möhüm bolup, biznesiň strategiýasyna täsir etmäge we serişdeleri möhüm hasaplanýan taslamalara, şol sanda kosmos tehnologiýalarynyň we durnukly energetikanyň ösüşine gönükdirmäge mümkinçilik berýär.
Şol sebäpli Maskyň baýlygynyň kimlerе galjakdygy baradaky mesele diňe bir mirasdüşerlere puly geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, kompaniýalardaky paýlaryň ykbalyny we olaryň geljekki ösüşini kimiň kesgitläp biljekdigini hem öz içine alýar.
Mirasdüşerler barada söz açyp, telekeçi ABŞ-da miras salgydynyň ýokarydygyny, şol sebäpli birnäçe nesilden soň öz nesillerine maşgala aktiwiniň diňe ujypsyzja böleginiň galjakdygyny aýtdy.
Şol bir wagtyň özünde, Maskyň aýdanlary eýýäm öz baýlygyny paýlamak boýunça hukuk taýdan wesýetnamanyň resmileşdirilendigini aňlatmaýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Mask emeli aňyň we robototehnikanyň ösmegi bilen pul düşünjesiniň öz ähmiýetini ýitirip biljekdigini, täze dünýäde bolsa gymmatlygyň, esasan, energiýanyň we fiziki serişdeleriň elýeterliligi bilen kesgitleniljekdigi baradaky pikiri hem öňe sürdi.