Ilon Mask Cybertruck bilen rysarlaryň arasyndaky söweşiň wideosyny paýlaşdy

Şu gün, 14:14936
1 / 2

Ilon Mask emeli aňyň kömegi bilen taýýarlanan 60 sekuntlyk wideoşekili paýlaşdy. Onda Tesla Cybertruck orta asyr söweşiniň merkezinde görkezilýär.

Wideo «Cybertruck as Heavy Cav» («Cybertruck agyr atly goşun hökmünde») diýen ýazgy bilen paýlaşyldy. Uruş meýdanynda sowutly rysarlar söweşýär, daş-töwerekde bolsa ot alawlaýar. Tesla-nyň elektrik pikaby bolsa ähli päsgelçiliklerden geçip, ýolundaky rysarlary hem syryp-süpürip gaýdýar.

Maskyň paýlaşan wideosy emeli aň arkaly wideo döretmek tehnologiýalarynyň çalt ösýändigini we barha ýasamalyga çalym etmeýän sahnalary döretmäge mümkinçilik berýändigini görkezýär.

Tesla-nyň we xAI-yň ýolbaşçysy öň öz kompaniýasynyň ýylyň ahyryna çenli Grok modeliniň mümkinçiliklerini doly metražly filmleri döretmäge ukyply derejä ýetirmegi meýilleşdirýändigini aýdypdy. Ol, şeýle-de Grok arkaly, hakykatdan-da, ýokary hilli filmleriň 2027-nji ýylda peýda boljakdygyny ynam bilen belleýär.