Awstraliýanyň Nýukasl şäherinden bolan 12 ýaşly Bleýk Makkenzi «Dear ChatGPT» («Gadyrly ChatGPT») atly goşgusy bilen «Australian Poetry Slam» milli bäsleşiginiň ýaşlar kategoriýasynda ýeňiji boldy. Bäsleşigiň finaly Sidneý opera teatrynda geçirildi.
Öz eserinde mekdep okuwçysy emeli aňyň adamlaryň arasyndaky dostlugy we zähmeti nädip gysyp çykaryp biljekdigi barada oýlanýar. Şeýle hem ol tehnologiýalara bolan ynam we olaryň täsiri astynda geljegiň nähili boljakdygy baradaky meseleleri gozgaýar.

Birinji tapgyrda Makkenzi Awstraliýadaky jynsparazlyga we deňsizlige bagyşlanan «I Love My Country» («Men öz ýurdumy söýýärin») atly goşgusyny okady. Bu oňa ýaşlar kategoriýasynda iň gowy bäşligiň hataryna girmäge mümkinçilik berdi.
Möwsümiň dowamynda guramaçylar 60 şäherde we ilatly ýerlerde 65 sany saýlama çykyşy geçirdi. Milli finala 16 gatnaşyjy geçmegi başardy.

Bäsleşigiň ulular kategoriýasynda Alis-Springs şäherinden bolan Bivor lakamly şahyr ýeňiji boldy. Geljek ýyl ol Ubud we Singapur festiwallarynda Awstraliýa wekilçilik eder. Makkenzi bolsa ýurduň içindäki edebi meýdançalarda çykyş etmek mümkinçiligini alar.
Ýeňijileriň ikisi hem 20 müň dollar möçberindäki pul baýragyny özara paýlaşar.