Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
15.06.2026 08:07
1.5k+
Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy
Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer.
13.06.2026 12:23
8.5k+
Messi ChatGPT-niň mahabatynda düşdi
OpenAI kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messiniň gatnaşmagynda ChatGPT-niň mahabat wideosyny hödürledi.
10.06.2026 11:22
1.9k+
OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi
ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we...
08.06.2026 09:45
1.5k+
ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi
ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär.
22.05.2026 01:16
2.5k+
ChatGPT ulanyjylaryň bank hasaplaryna elýeterli bolar
OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin «Plaid» platformasy arkaly ulanyjylaryň bank hasaplaryny birikdirmäge mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi.
21.05.2026 17:50
2.4k+
Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim...
12.05.2026 07:36
2.4k+
ChatGPT kyn ýagdaýa düşseňiz ýakynlaryňyza habar berip başlar
OpenAI kompaniýasy ChatGPT ulgamy üçin täze «Trusted Contact» (Ynamdar şahsyýet) howpsuzlyk funksiýasyny girizip başlady.
07.05.2026 21:13
3.1k+
Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär
Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar...
07.05.2026 08:23
1.1k+
Barlag: Claude-niň ulanyjylary emeli aň dünýäsinde iň gurply kişiler bolup çykdy
Claude çat-botunyň ulanyjylary beýleki emeli aň ulgamlarynyňkylar bilen deňeşdirilende has ýokary girdejilidikleri bilen tapawutlanýar. Bu barada The Decoder neşiri ABŞ-nda geçirilen «Epoch AI» barlagyna...
27.04.2026 08:07
2.2k+
ChatGPT ulanyjylaryny ýitirýär: olar Gemini we Claude-a geçýärler
Bäsdeşlik gurşawynyň güýçlenmegi bilen «ChatGPT» çat-botunyň meşhurlygy kem-kemden azalýar. Ulanyjylar emeli aňyň alternatiw hyzmatlary bolan «Gemini» we «Claude» ýaly platformalara geçip başladylar.
23.04.2026 22:41
3.9k+
Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy
Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen...
21.04.2026 15:31
3.4k+
EA hyzmatlarynda uly bökdençlik: ChatGPT, Gemini we Claude bütin dünýäde hatardan çykdy
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Aşgabat wagty bilen sagat 19:30 töweregi ChatGPT-niň işinde uly bökdençlik ýüze çykdy. Bu ýagdaý onuň esasy bäsdeşleri bolan Google Gemini we Anthropic kompaniýasynyň Claude...
16.04.2026 23:19
2.3k+
OpenAI täze kiberhowpsuzlyga niýetlenen «GPT-5.4-Cyber» modelini tanyşdyrdy
OpenAI kompaniýasy kiberhowpsuzlyk pudagynda ulanmak üçin niýetlenen täze emeli aň modelini — «GPT-5.4-Cyber-y» hödürledi. Bu model ýakyn aýlarda çykaryljak has güýçli çözgütlere taýýarlyk görmäge we...
11.03.2026 19:57
2.6k+
ChatGPT aýdym-sazy tanamagy öwrendi: OpenAI çat-bota Shazam-y goşdy
OpenAI kompaniýasy Shazam hyzmatyny gönüden-göni ChatGPT-niň interfeýsine goşdy. Shazam-yň eýesi bolan Apple kompaniýasy bilen baglaşylan strategik hyzmatdaşlygyň netijesinde ulanyjylar indi çat-botdan çykman, golaýda ýaňlanýan aýdymlary tanap bilýär
07.03.2026 17:10
994
OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi
OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler
06.03.2026 12:05
2.7k+
GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar
GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar
01.03.2026 14:22
1.7k+
ChatGPT her hepdede 1 milliard işjeň ulanyjy sanyna ýakynlaşýar
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni her hepdede işjeň ulanýanlarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, bu hyzmat 1 milliard ulanyjy çägine has-da golaýlady. Şol bir wagtyň özünde, tölegli abunaçylaryň sany 50 milliona çenli ýokarlandy
25.02.2026 15:55
5.1k+
Adama akylly bolmak üçin 20 ýyl we tonnalarça azyk gerek: Altman emeli aň bilen adamyň energiýa sarp edişini deňeşdirdi
OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aň ulgamlarynyň energiýa netijeliliginiň adam aňynyň ösüşi üçin sarp edilýän çykdajylar bilen deňeşdirerlikdigini ýa-da ondan hem ýokarydygyny öňe sürýär diýip, Tom's Hardware habar berýär
24.02.2026 14:19
2.8k+
ChatGPT-de 20 dollarlygy az, 200-ligi gymmat görýänler üçin 100 dollarlyk nyrhnama peýda bolar
ChatGPT web goşundysynyň kodunda aýda 100 dollar bahasy bolan täze Pro Lite tarif nyrhnamasy baradaky maglumatlar tapyldy. Bu barada OpenAI-niň täzeliklerinden takyk maglumatlary paýlaşmakda tanalýan barlagçy Tibor Blaho habar berdi
22.02.2026 17:17
2.5k+
OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar
Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy
19.02.2026 20:07
1.5k+
ChatGPT ulgamyna «bloklama düzgüni» we «ýokary töwekgelçilik» belgisi girizildi
OpenAI kompaniýasy emeli aň önümleri üçin täze howpsuzlyk funksiýalaryny — «bloklama düzgünini» (Lockdown Mode) we «ýokary töwekgelçilik» (Elevated Risk) belgisini işe girizýändigini yglan etdi. Bu täzelikler ChatGPT, ChatGPT Atlas we Codex ulgamlaryna degişlidir
16.02.2026 20:11
1.4k+
Hindistanda ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sany 100 milliona ýetdi
Hindistan ChatGPT-niň hepdede 100 million işjeň ulanyjy görkezijisine ýetdi. Bu görkeziji ýurdy ABŞ-dan soň OpenAI kompaniýasynyň dünýädäki ikinji uly bazaryna öwürdi. Bu barada Nýu-Delide geçirilýän emeli aň boýunça hökümet sammitiniň öňüsyrasynda OpenAI-yň baş direktory Sem Altman habar berdi
13.02.2026 10:59
1.1k+
ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy
OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar
10.02.2026 08:30
2.8k+
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder
OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir
07.02.2026 20:27
3.6k+
ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär
Google Gemini emeli aň (EA) kömekçisiniň auditoriýasy aýda 750 mln işjeň ulanyja ýetdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň nobatdaky çärýekleýin hasabatynda görkezildi. Google geçen çärýekde Gemini-iň her aýda 650 mln işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar beripdi
02.02.2026 08:40
2.2k+
ChatGPT-däki mahabat Meta-dan üç esse gymmat bolar. Ýöne...
OpenAI startapynyň ChatGPT interfeýsine mahabat ornaşdyrmaga we gönüden-göni çat-botuň içinde söwda etmek mümkinçiligini döretmäge taýýarlanýandygy öňräkden bäri mälimdir. The Verge neşiriniň berýän maglumatyna görä, ChatGPT-de mahabat goýmagyň bahasy beýleki bäsdeş taraplary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolar
31.01.2026 18:17
1.2k+
OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer
13-nji fewraldan başlap OpenAI kompaniýasy ChatGPT interfeýsinden könelen emeli aň modellerini aýyrýar. Ulanyşdan aýryljak modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.1, GPT-4.1 mini we OpenAI o4-mini bar. Işläp düzüji mundan beýläk ähli ünsüni GPT-5 seriýasynyň häzirki zaman wersiýalaryna, hususan-da, ulanyjylaryň aglaba böleginiň makullaýan GPT-5
31.01.2026 09:16
1k+
Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar
Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär
30.01.2026 11:02
1.5k+
WSJ: SoftBank korporosiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýar
Ýaponiýanyň SoftBank korporasiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, ChatGPT-ni dörediji häzirki wagtda dürli maýadarlar bilen jemi 100 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini çekmek boýunça gepleşikleri alyp barýar
27.01.2026 10:12
1.9k+
900 million ulanyjy üçin bir serwer: ChatGPT nähili işleýär?
OpenAI kompaniýasy hepdede 800–900 million işjeň ulanyjysy bolan ChatGPT-niň maglumatlar binýadynyň (PostgreSQL) nähili işleýändigini aýan etdi. Geň galdyryjy tarapy, şeýle ägirt uly ulgam şardirlemesiz (maglumatlary böleklere bölmän), diňe bir sany esasy serwer we 50 töweregi nusga (replika) arkaly işleýär
24.01.2026 23:35
1.7k+
OpenAI ChatGPT-niň üsti bilen gazanç edenlerden göterim almak isleýär
OpenAI kompaniýasy özüniň girdeji modelini düýpli özgertmek barada pikirlenýär. Kompaniýanyň maliýe direktory (CFO) Sara Fraýaryň aýtmagyna görä, geljekde iri kompaniýalar diňe bir ChatGPT ulanandyklary üçin däl, eýsem şol tehnologiýanyň kömegi bilen gazanan peýdalaryndan hem göterim (roýalti) berip bilerler
24.01.2026 09:49
965
Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär
Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär
24.01.2026 09:40
1.4k+
ChatGPT kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylary özüni alyp barşy boýunça anyklap başlar
OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna 18 ýaşdan kiçi ulanyjylary anyklamak üçin ýaşy çaklamak funksiýasyny goşar. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Ulgam ulanyjynyň özüni alyp barşyny, şol sanda çat-botuň ulanylyş wagty, akkauntyň näçe wagtdan bäri hereket edýändigi we hasaba alnanda görkezilen doglan senesi ýaly maglumatlary seljerýär
23.01.2026 14:48
1.8k+
ChatGPT-ni döreden kompaniýa millardlap ýitgiden soň baryp 2029-njy ýylda girdejä çykyp biler
OpenAI 2029-njy ýylda 14 mlrd dollar möçberde arassa girdejä çykmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Information neşirine salgylanyp, PC Gamer portaly habar berýär. Işläp düzüjiniň içerki resminamalaryna görä, 2023-nji ýyldan 2028-nji ýyl aralygynda garaşylýan umumy ýitgiler 44 mlrd dollar bolar, ýitgileriň iň ýokary derejesi bolsa 2026-njy ýyla düşüp, 14 mlrd dollara ýeter
21.01.2026 10:20
1.6k+
ChatGPT göreldeli «okuwçydygyny» görkezdi. EA synagda 9 ders boýunça ýokary baha aldy
OpenAI amerikan kompaniýasy tarapyndan döredilen ChatGPT çat-boty ýapon uniwersitetlerine giriş synagynda dokuz ders boýunça iň ýokary netijeleri görkezdi. Bu barada emeli aň ulgamlarynyň deňeşdiriji synagyny geçiren LifePrompt kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar
21.01.2026 10:07
2.8k+
Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar
2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär
18.01.2026 20:08
2.2k+
ChatGPT-iň mugt wersiýasynda mahabat goýlup başlanar
OpenAI kompaniýasy ýakyn wagtda ChatGPT platformasynyň mugt ulanyjylary üçin synag tertibinde mahabatlary ýerleşdirip başlar. Mahabatlar esasy mugt wersiýada we "Go" nusgasynda, ulanyjynyň sowallaryna berilýän jogaplaryň ýanynda görkeziler
18.01.2026 15:59
1.4k+
OpenAI mugt ChatGPT Translate emeli aň terjimeçisini işe girizdi
OpenAI kompaniýasy täze ChatGPT Translate hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda EA terjimeçisi beta-synag režiminde bolup, mugt işleýär. Ol 50-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar. Android Authority neşiriniň belleýşi ýaly, entek kompaniýa ChatGPT Translate barada resmi taýdan habar bermedi, ýöne hyzmat eýýäm ulanyjylar üçin ýörite saýtda elýeterlidir
17.01.2026 22:44
1.1k+
OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar
OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar. The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär
10.01.2026 18:29
1.5k+
ChatGPT-de saglyk baradaky soraglar üçin aýratyn bölüm peýda boldy
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de täze funksiýany – saglyk bilen baglanyşykly soraglar üçin ChatGPT Health ady bilen aýratyn bölümi hödürledi. Bu režimde ulanyjylar has şahsylaşdyrylan jogaplary almak üçin lukmançylyk ýazgylaryny we bedeniň ýagdaýyna gözegçilik ediji programmalary birikdirip bilýär
«
1
2
…
7
»
«
1
2
3
4
5
6
7
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.