BMW kompaniýasy ChatGPT üçin ýörite plagin hödürledi. Ol brendiň awtomobillerini saýlamak we «ýygnamak» işini emeli aň bilen adaty gürrüňdeşlik görnüşine geçirýär. Bu hyzmat tekst ýa-da sesli buýruklar arkaly hem kompýuterlerde, hem-de smartfonlarda işleýär.
Awtoöndürijiniň aýtmagyna görä, BMW öz pudagynda OpenAI platformasynda şeýle sanly maslahatçyny hödürlän ilkinji kompaniýa boldy.
Ulgam nähili işleýär
Ozal ulanyjy awtoöndürijiniň saýtynda öz isleýän ulagyny «ýygnamak» üçin birtopar menýulardan geçip, hereketlendiriji görnüşini, disk ölçeglerini, kuzowyň reňkini we ş.m. elde saýlamaly bolýardy. Indi ulanyja, bularyň deregine, ulaga bolan talaplaryny adaty dil bilen düşündirmek ýeterlikdir. Emeli aňa salonyň zerur sygymlylygy, hereketlendirijiniň görnüşi, ýoldan beýikligi ýa-da awtomobiliň ulanylmagy meýilleşdirilýän şertleri barada aýtmak bolýar.
Bu görkezijileriň esasynda ChatGPT laýyk gelýän modelleri saýlaýar, enjamlaşdyryş görnüşlerini hödürleýär we wersiýalary özara deňeşdirýär. Gürrüňdeşlik wagtynda ulanyjy gözleg şertlerini arkaýyn üýtgedip we soraglaryny has-da takyklaşdyryp bilýär.
BMW konfiguratorynyň resmi maglumatlary maslahatlar üçin esas bolup hyzmat edýär. Eger-de berlen sorag bu maglumatlaryň çäklerinden çyksa, neýroulgam internetden iň soňky aktual maglumatlary hem alyp bilýär.
Täze gural eýýäm ChatGPT ulanyjylary üçin elýeterlidir. Ony kompýuterde ýa-da mobil goşundysynda birikdirmek üçin Plugins bölümine girip, gözleg ýerine BMW diýip ýazmaly.