Ford kompaniýasy duralgada duran awtoulaglaryň ogurlyk howpy ýüze çykanda özbaşdak hereket etmegine mümkinçilik berýän ulgam üçin ABŞ-nyň patent edarasyna arza berdi. Şeýle ulgamyň kömegi bilen awtoulag sazlamalaryny üýtgedip, hatda başga ýere süýşüp hem biler. Bu bolsa ogrularyň işini kynlaşdyrar diýip, Car and Driver neşiri habar berýär.
Täze ulgam awtoulagyň sensorlaryndan, elektron enjamlaryndan we awtonom duralga wezipesinden peýdalanar diýlip garaşylýar. Awtoulag duralgada duran wagtynda-da töweregindäki ýagdaýy gözegçilikde saklap biler. Mysal üçin, salona gaýta-gaýta seredýän adamlar ýa-da awtoulagyň deňinden birnäçe gezek geçip gidýän ulaglar hem şübhe döredip biler. Şeýle ýagdaýlary anyklamak üçin bolsa emeli aň tehnologiýasyny ulanmak teklip edilýär.
Howp ýüze çykarylan ýagdaýynda ulag özbaşdak duralga ýerini çalşyp biler. Patent arzasynda ulagyň aýry-aýry böleklerini goramagyň beýleki usullary hakynda hem durlup geçilýär. Mysal üçin, tigirleriň ogurlanmagynyň öňüni almak üçin, awtoulag dik eňňitde, büdür-südür ýerde ýa-da diwarlaryň we beýleki ulaglaryň arasyndaky dar ýerde saklanyp biler.
Bagaž bölümindäki goşlary hem-de faralar we yzky çyralar ýaly daşky bölekleri goramak üçin awtoulag diwara golaý baryp durar. Katalitik zyýansyzlandyryja ýetmegi kynlaşdyrmak üçin bolsa howa bilen işleýän asma ulgam ulagyň kuzowyny iň aşaky derejä çenli düşürip bilýär.
Häzirlikçe bu diňe patent almak üçin berlen arza bolup durýar. Kompaniýa tehnologiýanyň tapgyrlaýyn önümçiligini ýa-da onuň başlanmaly möhletini yglan etmedi.