Toyota Land Cruiser 250-niň eýeleri gönüburçly faralary tegelege çalşyp biler

Şu gün, 08:431,505
1 / 5

Ýaponiýada Toyota Land Cruiser 250 kysymly ýolsuzlyk awtoulaglary goşmaça enjamlaşdyrmak maksatnamasy işe girizildi. Indi VX görnüşiniň eýeleri awtoulagy satyn alandan soň, zawodda oturdylan gönüburçly faralary tegelek faralar bilen çalşyp bilerler. Bu işiň bahasy 204 600 ýen, ýagny, takmynan, 1 293 amerikan dollaryna deňdir.

Täze faralar diňe bir daşky görnüşi bilen tapawutlanmaýar. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) synaglarynyň netijelerine görä, Land Cruiser 250 1958 görnüşindäki tegelek LED faralar «gowy», beýleki toplumlaýyn görnüşde ulanylýan gönüburçly faralar bolsa «kanagatlanarly» diýlip bahalandyryldy.

Toyota kompaniýasynyň Upgrade Factory maksatnamasynyň çäklerinde smartfonlar üçin bäşinji nesil simsiz zarýad beriji enjam hem hödürlenýär. Onuň bahasy 28 600 ýene (takmynan, 180 amerikan dollary) deňdir. Öňki nesil bilen deňeşdirilende, zarýad berilýän meýdança iki esse giňeldildi. Munuň maksady, tekiz bolmadyk ýollarda hereket edilende telefon ýerinden süýşse-de, zarýad beriş işiniň kesilmek ähtimallygyny aradan aýyrmakdan ybaratdyr.

Toyota Land Cruiser 250 modeli 2023-nji ýylda öňdäki faralaryň iki dürli görnüşi bilen tanyşdyryldy. Ýaponiýada tegelek faralar ZX First Edition-iň ýörite görnüşini tapawutlandyrýar, ýöne käbir bazarlarda alyjylara diňe gönüburçly faraly görnüşler hödürlenýärdi.