Dubaý polisiýasyna 1200 at güýjüne eýe bolan ýüzýän BYD berildi

Düýn, 14:045,469
1 / 2

Dubaýyň polisiýa awtoulaglarynyň üsti suwda 30 minuta çenli hereket edip bilýän Hytaýyň BYD Yangwang U8 gibrid krossoweri bilen ýetirildi. Kuwwaty 1197 at güýjüne deň bolan bu awtoulag bir metre çenli çuňlukdaky suwly ýerlerden hem geçip bilýär.

Polisiýanyň reňklerinde bezelen awtoulag Dubaýda geçirilen Wetex 2026 sergisinde görkezildi. Yangwang U8 syýahatçylyk ýerlerinde gözegçilik edýän polisiýa toparlarynyň hataryna goşuldy. Suwda ýüzmek we çuň suwlardan geçmek mümkinçilikleriniň ýerli polisiýa işgärlerine näçe ýygy-ýygydan gerek boljakdygy belli däl. Ýöne şeýle-de bolsa, bu krossoweriň zawodda göz öňünde tutulan gurluş aýratynlyklarynyň biridir.

Awtoulagyň güýç ulgamy dört sany elektrik hereketlendirijisinden ybarat bolup, olaryň umumy kuwwaty 1197 at güýjüne ýetýär. Agramy üç tonnadan geçýändigine garamazdan, Yangwang U8 sagatda 100 kilometre çenli bary-ýogy 3,6 sekuntda çykyp bilýär.

Yangwang U8 kaşaň krossowerleriň hataryna girýär. Onuň içki bezeginde gymmat materiallar ulanylýar we awtoulag baý enjamlaşdyrylyşy bilen tapawutlanýar. Hytaýda bu modeliň bahasy, takmynan, bir million ýuana, ýagny 150 müň amerikan dollaryna deňdir.