Hyundai-yň tehnologiýasy ulagdaky 1 mm ululykdaky kemçiligi-de tapmagy öwrendi

Şu gün, 15:011,003

Hyundai we Kia awtoulag zawodlary üçin kuzowdaky kemçilikleri awtomat barlaýan ulgamy goşmak bilen, takmynan, 200 sany tehnologiýany tanyşdyrar.

Akylly ulgam her bir taýýar awtoulagyň 5000 çemesi suratyny alýar we kameralar hem-de ýörite programma üpjünçiligi arkaly 1 millimetrden başlap, islendik çyzylmany, çöketligi we zeperleri tapýar.

Bu tehnologiýa kompaniýanyň öz hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi. Onuň maksady daşarky enjam üpjün edijilerine garaşly bolmazlykdyr. Täze ulgamyň ilkinji ornaşdyryljak ýeri Kia-nyň Hwaseong EVO West zawody bolar.

Awtoulaglary awtomat barlamak giň gerimli maksatnamanyň diňe bir bölegidir. Hyundai hakyky önümçilik proseslerini programma üpjünçiligi arkaly dolandyrýan akylly zawod düşünjesini işjeň ösdürýär. Kompaniýalaryň tehnologiýalarynyň arasynda ýygnama liniýalarynyň sanly nusgalary, robot ýygnaýjylar, işçiler üçin emeli aň kömekçileri we ilkinji prototip döredilmezinden öň elektronika bilen bagly ýüzlerçe meseläni tapmaga mümkinçilik berýän NOVA Lab bar.

Zawodyň içindäki ýük daşaýan robotlara hem aýratyn üns berildi. Täze akkumulýatorlaryň kömegi bilen indi olar zarýady iki sagadyň ýerine bary-ýogy 12 minutda alýar, önümçilik çykdajylary bolsa 30% azaldy.

Bu täzelikleriň ählisi 19–21-nji oktýabrda geçiriljek E-FOREST TECH DAY 2026 sergisinde görkeziler. Ýöne häzirlikçe bu tehnologiýalaryň, hakykatdan-da, zawodlarda kemçilikleri we zaýa önümleri azaldýandygy barada mälim edilen maglumatlar ýok.