Ford Mustangy ykjam pikapa öwürdiler

Şu gün, 11:271,243
1 / 3

Ford kompaniýasynyň tejribe ulaglary saklanýan bölüminde üýtgeşik awtoulag — pikap kuzowyndaky Mustang peýda boldy. Bu barada «The Drive» neşiri habar berdi.

Awtoulagy kompaniýada hünär taýýarlygyny geçýän işgärler we tejribe ulaglary bölüminde bilim alýan talyplar tarapyndan döredildi. Bu taslama olara hakyky awtoulagyň esasynda öz başarnyklaryny synap görmek üçin gowy mümkinçilik boldy.

Olar esas hökmünde ilki utilizasiýa tabşyrmaly edilen Mustang GT350 kupesini ulandylar.

Yzky oturgyçlarynyň we adaty bagažlykly kuzowynyň ýerine sportkara ýük goýulýan kiçeňräk bölüm birikdirildi. Taslamany taýýarlaýanlar käbir şaýlary Ford Ranger kysymly tapgyrlaýyn öndürilýän pikapdan aldylar.

Daşky görnüşi boýunça täze awtoulag, göräýmäge, nusgawy Ford Ranchero meňzäýmeli ýalydyr welin, ol Hyundai Santa Cruz ykjam pikapyny has beter ýada salýar. Onuň beýikliginiň hem artandygy mese-mälim göze ilýär. Muňa garamazdan, bilermenleriň pikirine görä, bu ulag üçin peseldilen asma ulgamy ýa-da ýolsyz ýerlerden sürmäge niýetlenen ýogyn tekerler ulanylan bolsa has ýerlikli bolardy.

Kompaniýanyň sportkar bilen kiçi ýük ulagynyň bu üýtgeşik gibridini köpçülikleýin önümçilige goýmak niýeti ýok. Ol konseptual nusgalygyna galar. Şeýle-de bolsa, awtoulag Ford kompaniýasynyň işgärleriniň we müşderileriniň arasynda eýýäm uly gyzyklanma döretdi.