Inženerler çişýän şarly rul oýlap tapdylar: şarjagazlar sürüjä «awtopiloty» ulanmaga kömek edýär

Şu gün, 07:231,921
1 / 2

Miçigan uniwersitetiniň inženerleri Toyota Research Institute bilen bilelikde çişýän şarjagazlary bolan ruly döretdiler. Bu täzelik sürüjä ýarym awtomatlaşdyrylan sürüş ulgamyny ulanmaga kömek etmelidir.

Howa bilen çişýän düwmejikler sürüjiniň ruldan hemişeki tutýan ýerlerinde, ýagny sagat diliniň 10-y we 2-ni görkezýän ugurlarynda ýerleşdirildi. Ulgam, mysal üçin, çepe öwrülmekçi bolanda, ruluň çep tarapyndaky düwmeler çişýär. Sürüji bu hereket bilen razylaşmasa, onda ruluň çişen bölege basmagy ýeterlikdir. Eger-de awtomatlaşdyrylan ulgam öz teklibinden dänmese ýa-da öňde päsgelçiligiň bardygyny duýdurýan bolsa, şarlar yzygiderli çişip-pyssaryp başlaýar.

Oýlap tapyjylar şeýle galtaşyk arkaly berilýän duýduryşlaryň adaty sesli duýduryşlardan ýa-da ýanyp-sönýän görkezijilerden has netijelidigine ynanýarlar. Sebäbi bu usul sürüji bilen awtomatlaşdyrylan ulgamyň arasynda ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün edýär.

Bu oýlap tapyşy barlamak üçin 30 meýletinçi awtoulag sürşüni şekillendirýän kompýuter ulgamynda synagdan geçirildi. Alnan netijeler synaga gatnaşanlaryň elektron ulgam bilen gapma-garşylygynyň has az ýüze çykandygyny, olaryň duýdansyz tormoz bermegi seýrekledendigini we öwrümli ýerlerde özlerini has ynamly duýandygyny görkezdi.

Muňa garamazdan, bu tehnologiýanyň köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrylmagyna çenli ýol uzak.  Synaglar diňe sanly gurşawda geçirildi. Şonuň üçin bu çözgüdiň hakyky ýol hereketinde nähili peýda berjekdigi häzirlikçe näbelli. Mundan başga-da, alymlar synagda üstünlikli ýöriş geçen käbir sürüjileriň soň awtomatlaşdyrylan ulgama aşa köp bil baglap ugrandyklary ýaly oňaýsyz ýagdaýy hem ýüze çykardylar.