Alfa Romeo üýtgeşik gapyly gibrid sport awtoulagyny görkezdi

Düýn, 20:021,933
1 / 12

Pariždäki awtosalonda Alfa Romeo kompaniýasy Cuorerosso atly täze konsept awtoulagyny tanyşdyrdy. Ol dört gapyly, sport görnüşli kupe bolup, gibrid hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Awtoulag köpçülikleýin öndürilmez. Döredijiler ony markanyň geljekde eýerjek dizaýn ugruny görkezýän nusga hökmünde taýýarladylar.

Kompaniýa Cuorerosso modelini «Alfa Romeo-nyň DNT-sine siňen sport ruhunyň jemlenmesi we Italiýanyň däp bolan awtoulag medeniýetiniň aýdyň beýany» diýip häsiýetlendirýär. Onuň dizaýnynda hem superkarlaryň, hem uzak ýola niýetlenen awtoulaglaryň aýratynlyklary utgaşýar. Uly kapot, yzky bölegi gysga we içine ornaşdyrylan ganat görnüşli bölek, şeýle-de gabarasynyň akgynly çyzyklary awtoulagyň özboluşly keşbini emele getirýär. Model inçe pikselli yşyklar we kompaniýanyň nyşany ýerleşdirilen, ýagtylandyrylýan radiator gözenegi bilen tapawutlanýar.

Awtoulagyň uzynlygy 4,7 metre, ini 2 metre golaý, beýikligi bolsa bary-ýogy 1,33 metre deňdir. Tigirleriniň oklarynyň arasyndaky uzaklyk 2,93 metre barabardyr. Salonda dört sany sport kürsüsi ýerleşdirilipdir. Yzky gapylar adaty bolmadyk usulda, ýagny öňki gapylaryň ters tarapyna açylýar. Bu bolsa Rolls-Royce awtoulaglaryndaky ýaly, salony giňden açmaga mümkinçilik berýär.

Sürüji üçin nusgawy äheňde bezelen sanly görkezijiler paneli göz öňünde tutulypdyr. Ol sürüş düzgünine görä üýtgedilip bilner. Şeýle-de awtoulagda elektron dolandyryşly, tigirler bilen göni mehaniki baglanyşygy bolmadyk üýtgeşik rul bar. Inçe merkezi dolandyryş panelinde sensor düwmeler bilen birlikde adaty düwmeler hem ýerleşdirilipdir.

Cuorerosso 2,9 litrlik, takmynan, 500 at güýjüne deň bolan V6 benzin hereketlendirijisi oturdylypdyr. Ol elektrik hereketlendirijisi we doly hereketlenýän ulgam bilen utgaşdyrylandyr. Awtoulagyň agramy 1 750 kilograma deň bolup, onuň gabarasy howanyň garşylygyny azaltmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, awtoulag pnewmatik asma ulgamy we kuwwatly Brembo sport tormozlary bilen üpjün edilipdir.

Cuorerosso diňe sergi üçin döredilen nusga bolup galar. Muňa garamazdan, Alfa Romeo geljekde şuňa meňzeş dizaýnda birnäçe täze sport awtoulagyny öndürmegi meýilleşdirýär. Olaryň arasynda gibrid we doly elektrik hereketlendirijili modeller hem bolar.