BMW iň uly krossowerini çykarar: kompaniýa önümçilik meýilnamasyny täzeleýär

Şu gün, 08:082,009

BMW konserni dürli sebit bazarlarynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, model hataryny täzelemegi meýilleşdirýär. Hususan-da, kompaniýa Demirgazyk Amerika üçin iň uly krossowerini döreder.

Täze ýolsuzluk awtoulagy häzirki BMW X7 modelinden hem ulurak bolar. Kompaniýanyň bellemegine görä, Demirgazyk Amerikada premium krossowerlere bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Şol sebäpli BMW-niň Spartanburgdaky zawody doly kuwwatynda işleýär. Täze model ABŞ bazarynyň isleglerine mümkin boldugyça laýyk getiriler.

Ýewropa bazary üçin bolsa kompaniýa Neue Klasse platformasyndaky iň elýeterli elektrik awtoulagyny taýýarlamagy meýilleşdirýär. Käbir maglumatlara görä, täze model häzirki 1 Series-iň ornuny tutup biler, başga bir çaklama boýunça bolsa, ol içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglar bilen bir hatarda öndüriler. Modeli 2028-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilýär.

Neue Klasse platformasynyň ulanylmagy netijesinde kiçi göwrümli modeliň yzky tigirlerden hereketlendiriş ulgamyna gaýdyp gelmegi mümkin.

2027-nji ýylda BMW premium sedan hataryny 7 Series platformasynda taýýarlanan täze Alpina modeli bilen giňeltmegi meýilleşdirýär.

Şol bir wagtyň özünde, konsern çykdajylary çäklendirmegi dowam etdirer. Işläp taýýarlama çykdajylaryny azaltmak üçin emeli aňdan has giňişleýin peýdalanmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bölümleriň, menejerleriň we beýleki işgärleriň sanyny 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de BMW pes girdejili käbir dar ugurly modellerden hem ýüz öwürýär. Hususan-da, 2 Series Active Tourer modeliniň täze nesliniň bolmajakdygy tassyklandy.