Volkswagen täze nesil T-Roc-uň iň kuwwatly görnüşini taýýarlaýar

Düýn, 22:40682
1 / 3

Volkswagen kompaniýasy üsti örtükli täze T-Roc R kysymly awtoulagyň synag nusgasynyň suratlaryny çap etdi. Sport krossoweriniň tigirleri ulaldylyp, tigiraralary giňeldilipdir, yzky bamperi bolsa täzeden işlenip, oňa dört sany gaz çykaryjy turba  oturdylypdyr diýip, Motor1 habar berýär.

Täze modeliň tanyşdyrylyş dabarasynyň noýabr aýynyň ahyryna deňiç geçirilmek ähtimallygy bar.

Täze model MQB evo platformasynda döredildi. Bu platforma häzirki Volkswagen Golf modelinde hem ulanylýar. Şol bir tehniki binýadyň ulanylmagy, özgerdilen krossoweriň hem Golf R modelindäki hereketlendiriji bilen üpjün ediljekdigini çaklamaga esas berýär.

Çaklamalara görä, T-Roc R modeli 333 at güýjüne we 420 aýlanma pursadyna eýe bolan 2 litrlik turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylar. Şeýle-de ol doly hereketlendiriji ulgam (4×4) bilen utgaşdyrylar.

Deňeşdirip aýtsak, öňki nesil T-Roc R modeli 300 at güýjüne we 400 Nm aýlanma pursadyna eýedi.

Şeýle-de täze özgerdilen sport modelinde 48 woltly ýumşak gibrid ulgamynyň hem bolmagyna garaşylýar. T-Roc modeliniň täze nesli 2025-nji ýylyň ahyrynda ýewropa bazaryna çykypdy.