Mercedes-Benz SL-iň has elýeterli wersiýasyny taýýarlaýar

Şu gün, 12:32692

Mercedes-Benz kompaniýasy 2027-nji ýylda tanyşdyrylmagy meýilleşdirilýän SL modeliniň täze görnüşiniň üstünde işleýär. Ol häzirki AMG we Maybach wersiýalaryndan has elýeterli bolar.

«Auto Bild» neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ola Kalleniusyň hut özi pudagyň Berlinde geçirilen çäresine awtoulagyň üsti surat bilen örtülen synag nusgasynda gelipdir.

Täze kabriolet resmi taýdan «Mercedes-Benz SL» diýlip atlandyrylar we onuň AMG ýa-da Maybach modelleri bilen baglanyşygy bolmaz. Kalleniusyň aýtmagyna görä, awtoulag sport häsiýetini saklar, ýöne has rahat we amatly bolar.

Synag nusgasy özboluşly radiator gözenegi, ýönekeýleşdirilen öňki bamper hem-de kompaniýanyň hususy «ýyldyz» şekili ýerleşdirilen yşyklandyryş çyralarynyň täze dizaýny bilen tapawutlanýar.

Güýç gurluşynyň tehniki aýratynlyklary häzirlikçe aýan edilmeýär. Täze SL modeliniň tanyşdyrylyşy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, Mercedes-Benz kompaniýasy SL maşgalasynyň ähli modellerini, şol sanda hereketlendirijiler toplumyny hem täzelemegi göz öňünde tutýar.