Ford 2027-nji ýylda Mustang Cobra-ny gaýtadan bazara çykarmaga taýýarlanýar

Şu gün, 09:021,365
1 / 4

Ford Racing 2027-nji ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýän täze Ford Mustang Cobra sportkarynyň resmi tizerini çykardy. Gysga wideoda V8 hereketlendirijisiniň sesini eşitmek bolýar. Şeýle-de, oňa «all-motor heart born from racing» şygary goşulýar.

«Cobra» ady soňky gezek 1995-nji ýyldan 2004-nji ýyl aralygynda Ford Mustang SVT Cobra üçin ulanylypdy. Model kupe we kabriolet kuzowlarynda çykarylyp, kompressor bilen üpjün edilýärdi. Şeýle-de, ýokary görkezijilere gönükdirilen we örän seýrek duş gelýän Cobra R wersiýasynda hödürlenýärdi.

Wideoda awtomobiliň ne özi, ne-de onuň tehniki aýratynlyklary görkezilýär, ýöne «R» harpy gök reňk bilen tapawutlandyrylypdyr, bu hem Cobra R wersiýasynyň gaýdyp gelmegine yşarat edip biler.

5.2 litrlik kompressorly V8-i alan Dark Horse SC wersiýasyndan tapawutlylykda, täze awtomobil atmosferaly V8 hereketlendirijisini saklap galar. Binýat hökmünde GT3 awtomobilinde ulanylýan 5.4 litrlik motoryň alynmagyna garaşylýar.

Wideo-tizer sportkaryň mehaniki hereket geçiriş gutusy bilen üpjün ediljekdigini tassyklaýar. Awtomobil gaýtadan işlenen asgyny we rul dolandyryşyny, döwrebaplaşdyrylan tormoz ulgamyny, kämilleşdirilen sowadyş ulgamlaryny hem-de agressiw dizaýny alyp biler.

Brendiň hatarynda bu model baha taýdan aralyk orny eýelär. Başlangyç Mustang-yň bahasy, takmynan, 76,9 müň dollara, Nýurburgringde rekord goýan GTD görnüşi bolsa 400 müň dollara durýar. Dark Horse modeliniň bahasy 93 müň dollardan başlanýar. Täze Cobra-nyň bahasy ondan ýokary bolar we bazarda V8 motorly geljekki Mercedes-AMG CLE 63 awtomobiline bäsdeşlik eder.