GTA VI oýnundaky ulaglaryň hakyky nusgalary döredildi

Şu gün, 09:302,290
1 / 7

Awtomobilleri düýpli özgertmek we kämilleşdirmek bilen meşgullanýan West Coast Customs amerikan týuning-atelýesi Rockstar Games oýun studiýasy bilen hyzmatdaşlykda «Grand Theft Auto VI» oýnundaky alty sany awtomobiliň hakyky wersiýalaryny döretdi. Awtomobilleriň tanyşdyrylyş dabarasy Maýami şäherinde boldy.

Taslama «Grotti Cheetah», «Pegassi Tempesta», «Progen Emerus» we «Invetero Coquette» sportkarlary, şeýle hem «Albany Buccaneer» lou-raýderi we «Albany Manana» haý-raýderi girdi. Olar, degişlilikde, «Ferrari Testarossa», «Lamborghini Huracan», «McLaren Senna», «Chevrolet Corvette C8», «Buick Riviera» we «Chevrolet Caprice» ulaglarynyň esasynda döredildi.

Awtomobillere «Vice City» ýazgysy bolan oýun içindäki toslanan Leonida ştatynyň döwlet belgileri, şeýle hem «VI», «West Coast Customs» we «Rockstar» nyşany bolan belgi çarçuwalary oturdyldy. Ulaglar täze oýnuň mahabat kampaniýasynyň çäginde taýýarlanyldy.

West Coast Customs öňem Rockstar bilen hyzmatdaşlyk edipdi: 2013-nji ýylda atelýe GTA V oýnundaky hakyky «Bravado Banshee» ulagyny ýasapdy.

«Grand Theft Auto VI» oýnunyň çykjak senesi 19-njy noýabra meýilleşdirildi. Oýun PlayStation 5 we Xbox Series X/S üçin elýeterli bolar.