Mercedes-Benz awtoulagyň aýnalaryny ekrana öwrer

Şu gün, 20:491,778
1 / 6

«Mercedes-Benz» kompaniýasy awtoulagyň aýnalaryny displeý hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalary işläp düzdi. Kompaniýa bu çözgütlere ulagyň daşky gurşaw we ýolagçylar bilen aragatnaşyk saklamagynyň geljegi uly serişdesi hökmünde garaýar.

Gapdal aýnalara ýokary çözgütli şekilleri emele getirýän kiçijik LED-leri ornaşdyrmak teklip edilýär.

Yzky aýna bolsa piksel görnüşindäki habarlary görkezmek üçin has iri elementler bilen enjamlaşdyrylyp bilner. Mysal üçin, bu ulgam arkaly ýol hereketiniň beýleki gatnaşyjylaryna awtoulagyň öwrüm etjekdigi ýa-da ýoldaky ýagdaý barada duýduryş berler.

Displeý öçük wagty onuň elementleri tas görünmeýär we sürüjä daşaryny görmäge päsgel bermeýär.

Alynky aýna üçin bolsa kompaniýa başga bir ulgamy işläp düzdi. Şekil öňdäki panelde ýerleşdirilen proýektor we aýnanyň içine ornaşdyrylan optiki elementleri bolan ýörite ýagtylygy serpikdiriji plýonka arkaly dörediler. Maglumat aýnanyň islendik bölegine proýeksiýa edilip bilner. Şunda ýolagçylar üçin niýetlenen mazmun sürüjä görünmez. Bu bolsa onuň ünsüniň ýoldan sowulmagynyň öňüni alar.

Kompaniýa bu tehnologiýalaryň köpçülikleýin çykarylýan awtoulaglarda haçan peýda bolup biljekdigi barada entek maglumat bermedi. «Mercedes-Benz» displeý ulgamlaryny kämilleşdirmegini dowam etdirýär. Şeýle-de bolsa, konserniň ýolbaşçysy Ola Kallenius mundan öň awtoulag öndürijileriniň sensor tehnologiýalaryna aşa köp üns berendigini belläp, ulaglaryň salonlaryna käbir adaty düwmeleri gaýtaryp getirmegi wada beripdi.