Watikanda Mercedes-Benz kompaniýasynyň Rim Papalary üçin öndüren sekiz sany taryhy awtoulagynyň sergisi açyldy. Sergi nemes awtoulag öndürijisiniň Watikan bilen bir asyra golaý dowam eden hyzmatdaşlygynyň taryhyny öz içine alýar diýip, Motor1 neşiri habar berýär.
Sergi 2027-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Watikana 1930-njy ýylda gowşurylan ilkinji awtoulag Mercedes-Benz Nürburg 460 (W08) boldy. Pullman kysymly bu sedana göwrümi 4,6 litr bolan sekiz silindrli hereketlendiriji oturdylypdy. Rim Papasy Piý XI üçin salonyň yzky böleginde ýüpek parça bilen bezelen ýörite kürsi ýerleşdirilipdi.

1960-njy ýylda Rim Papasy Ioann XXIII-niň awtoulag toplumyna Mercedes-Benz 300 d Landaulet (W189) goşuldy. Bu awtoulagyň tigirleriniň arasy ulaldylyp, onuň yzky gapdal aýnalary aýryp bolýan görnüşde ýasalypdy. Bu aýratynlyk papa özüni garşy almak üçin ýygnanan adamlara ýüzlenmäge mümkinçilik berýärdi. Yzky gapylar açylanda, awtomatik ýagdaýda basgançaklar çykýardy, yzky kürsiniň ýagdaýyny bolsa elektrik ulgamy arkaly sazlap bolýardy.
Sergide aýratyn orun eýeleýän awtoulaglaryň ýene biri 1965-nji ýylyň güýzünde Rim Papasy Pawel VI-a gowşurylan Mercedes-Benz 600 Pullman Landaulet (W100) boldy. Onuň aýratynlyklarynyň arasynda ulaldylan yzky gapylar, salonyň yzky böleginde beýgeldilen üçek, aýratyn sazlap bolýan bir orunlyk oturgyç we sürüji bilen gepleşmäge mümkinçilik berýän aragatnaşyk enjamy bar.

Sergä 1967-nji ýylda öndürilen Mercedes-Benz 300 SEL Pullman (W109), 1980-nji ýyldaky «Gelendwagen» 230 G (W460), 1997-nji ýyldaky S 500 Landaulet (W140), 2002-nji ýyldaky ML 430 (W163) we 2012-nji ýyldaky ML 500 (W166) awtoulaglary hem girizildi.
Ençeme ýyllaryň dowamynda Mercedes-Benz awtoulaglary Watikanyň ulag taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Sergi Rim Papalary üçin niýetlenen awtoulaglaryň gurluşynyň we enjamlaşdyrylyşynyň wagtyň geçmegi bilen nähili üýtgändigini yzarlamaga mümkinçilik berýär.