Türkiýäniň Antalýa şäherinde turan güýçli tüweleý gurluşyk meýdançasyny weýran etdi. Betbagtçylyk zerarly dört adam aradan çykdy. Bu barada TRT Haber teleýaýlymy habar berýär.
Adatdan daşary ýagdaý şäheriň Fewzi Çakmak ýaşaýyş etrabynda bolup geçdi. Tüweleý zerarly gurluşyk meýdançasyndaky kran ýykyldy, işçileriň ýaşaýan iki sany konteýner jaýy harap boldy.
Antalýa welaýatynyň häkimi Hulusi Şahin beýle tebigy hadysanyň seýrek duş gelýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, şäheriň beýleki ýerlerinde tornado hadysasy barada hiç hili habar gelip gowuşmandyr.
«Biz örän seýrek duş gelýän tebigy hadysa bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Şäheriň beýleki ýerlerinde tornado bolandygy barada habar ýok. Şu gün welaýat utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisinde sebitiň meteorology çykyş edip, adatdan daşary tebigy hadysalara taýýar bolmalydygymyzy aýtdy» diýip, Şahin belledi.
Häzirki wagtda wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär. Meteorologlar şu gün hem Türkiýäniň birnäçe sebitinde, şol sanda Antalýada güýçli ýel we harasat howpy barada duýduryş berdiler.