Lionel Messiniň Argentinanyň milli ýygyndysy bilen hoşlaşygyna bagyşlanan ýygyndy kartlaryň toplumy Topps NOW seriýasynyň satuw rekordyny täzeledi. Bir hepdäniň dowamynda bu topluma 664 325 sany sargyt berildi.

Topps kompaniýasy «Final Farewell» atly ýörite toplumy çykardy. Ol iki sany kartdan ybarat bolup, bahasy 19,99 dollara deňdir.

Mundan öňki rekord ýapon beýsbolçysy Şoheý Ohtana degişlidi. Beýsbolçynyň rekord goýan möwsümine bagyşlanan kart 653 737 gezek satyn alnypdy. Messiniň hormatyna çykarylan bu toplumyň satuwy bolsa ondan, takmynan, 10,6 müň sargyt öňe geçdi.