ÇL: «PSŽ» «Barselonanyň» badyny saklady, «Liwerpul» tiz 2 gol goýberse-de, ýeňşi gaňryp aldy

Şu gün, 09:142,724
1 / 3

UEFA Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň birinji oýun gününde futbol janköýerleri dartgynly oýunlaryň we dramatik netijeleriň birnäçesine şaýat boldy.

Agşamyň esasy wakasy Pariždäki duşuşyk boldy, onda «PSŽ» «Barselonany» 4:2 hasaby bilen utdy. Kataloniýalylar oýnuň dowamynda iki gezek hasaby deňledi, ýöne duşuşygyň soňky minutlary ýaryşyň häzirki çempionlary üçin has gowy geçdi.

Birinji ýarymda artykmaçlyk parižlileriň tarapynda boldy, olar 38-nji minutda hasaby açdy: Dezire Due takyk urgusy bilen hüjümi jemledi. Arakesmeden soň «Barselona» işjeňleşdi we 55-nji minutda Hawi Espart goly bilen hasaby deňledi.

72-nji minutda Lukas Ernandes «PSŽ-ni» ýene-de öňe çykardy. Emma Lamin Ýamal 79-njy minutda deňligi dikeltdi — 2:2. Oýun deňlikde tamamlanjak ýaly göründi, ýöne öý eýeleri derrew ýagdaýy üýtgetdi: eýýäm 81-nji minutda Witinýa parižlileriň üçünji goluny geçirdi, 86-njy minutda bolsa Fabian Ruis gutarnykly hasaby kesgitledi — 4:2.

Parižliler umumy tapgyrda yzygiderli üçünji ýeňşini gazandy we mümkin bolan dokuz utukdan dokuzysyny toplap, ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. «Barselona» bolsa möwsümdäki ilkinji ýeňlişine sezewar boldy.

Ýene bir dartgynly duşuşyk Liwerpulda geçdi, ol ýerde ýerli klub Ispaniýanyň «Wilýarreal» toparyny kabul etdi. Duşuşyk 4:3 hasabynda tamamlandy.

Myhmanlar eýýäm 4-nji minutda hasaby açdy — Žorž Mikautadze Wirjil Wan Deýkiň ýalňyşlygyndan peýdalandy. 29-njy minutda ispan klub hasaby 2:0 etdi, «Enfild» stadionyndaky tomaşaçylar birbada serpmeden gaýdan ýaly boldy. Ýöne «Liwerpul» arakesmä çenli Aleksis Makallisteriň hem-de Ronald Arauhonyň gollary netijesinde hasaby deňlemegi başardy. Oýnuň ikinji ýarymynda Makallisteriň dubly we Florian Wirsiň goly mersisaýdlara ýeňiş getirdi. Tani Oluwaseýiniň takyk urgusy oýnuň soňuny dartgynlaşdyrdy, ýöne ýer eýeleri üç utugyny gorap saklamagy başardy.

«Liwerpul» Çempionlar ligasynyň häzirki möwsüminde diňe ýeňiş bilen ýoluny dowam etdirýär.

Ilkinji oýun gününiň ähli netijeleri:

  • «Fenerbahçe» — «Slawiýa» (Praga) — 2:2
    «Sabah» — «Borussiýa» (Dortmund) — 1:2
    «Roma» — «Slowan» (Bratislawa) — 4:0
    «Portu» — «PSW» — 0:1
    «Liwerpul» — «Wilýarreal» — 4:3
    «Mançester Siti» — «AEK» — 5:1
    «PSŽ» — «Barselona» — 4:2
    «Napoli» — «Budö-Glimt» — 4:3
    «Ştutgart» — «Atletiko» — 1:1

Üçünji aýlawyň ikinji oýun güni şu gije geçiriler, onuň esasy wakasy «Bawariýa» bilen «Arsenalyň» arasyndaky duşuşyk bolar.