Urugwaýda futbol eminleri ilkinji gezek elektron kartlary ulanyp gördi

Şu gün, 18:021,435

Urugwaýyň futbol assosiasiýasy ýerli kompaniýa bilen bilelikde adaty sary we gyzyl kartlary, şeýle hem eminiň depderçesini çalşyrmak üçin niýetlenen elektron enjamyň ilkinji synaglaryny geçirdi. Onuň kömegi bilen futbolçylara duýduryş bermek we olary oýundan çykarmak, şeýle-de meýdançada bolup geçýän wakalary belläp, maglumatlary federasiýanyň elektron ulgamyna geçirmek bolýar. Synag barada Futbol eminler assosiasiýasynyň prezidenti Marselo de Leon «El Espectador» radiostansiýasyna beren interwýusynda gürrüň berdi.

Enjam «wirtual kartlar» diýen ady aldy. Ol uly ekran we iki sany fiziki düwme bilen üpjün edildi. Olaryň biri gyzyl, beýlekisi sary reňke jogap berýär. Duýduryş berlende ýa-da oýundan çykarylanda emine degişli düwmäni basmak ýeterlik, şonda futbolçy adaty plastik kartyň deregine degişli reňkdäki ekrany görer.

Mundan başga-da, enjam sanly depderçe hyzmatyny hem ýerine ýetirýär. Oýnuň dowamynda emin duýduryşlary, oýundan çykarmalary, çalşyrmalary we bellenilen penaltileri hasaba alyp bilýär, ähli maglumatlar bolsa hakyky wagt tertibinde ýurduň futbol federasiýasy tarapyndan ulanylýan COMET resmi statistika ulgamyna geçirilýär. Bu oýundan soň ýazgylary el bilen gaýtadan ýazmak zerurlygyny doly aradan aýyrmaga we hasabatlary, şol sanda köpçülikleýin habar serişdeleriniň wekilleri üçin maglumat taýýarlamagy çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ilkinji synaglar käbir meseleleri ýüze çykardy. Urugwaýyň Kubogynyň «Defensor Sporting» we «Plasa Koloniýa» toparlarynyň arasyndaky gündizki duşuşygynda Günüň ýagtysyna ekrandaky reňki saýgarar ýaly bolmady. Şonuň üçin emin enjamdan doly derejeli peýdalanyp bilmedi.

«Nasional» we «Rentistas» klublarynyň arasyndaky duşuşykda emin Eduardo Warela duýduryş bermek we oýundan çykarmak üçin enjamy birnäçe gezek ulandy, ýöne žurnalistler we tomaşaçylar uzakdan reňkli ekranyň, adaty plastik karta garanyňda, aýdyň görünmeýändigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde täze gajetiň VAR bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugy we eminiň çözgütlerine täsir etmeýändigi nygtalýar. Onuň ýeke-täk wezipesi kagyz ýazgylaryny çalşyrmak we protokol bilen işlemegi awtomatlaşdyrmakdyr. 

Häzirki wagtda işläp düzüjiler islendik ýagtylykda ulanmak üçin displeýi kämilleşdirmek bilen meşgullanýar.