Messi 10 mln dollarlyk kaşaň ýahta sargyt etdi

Şu gün, 00:001,057
1 / 6

«Inter Maýami» klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi çen-takmyn bahasy 10 million dollardan geçýän kaşaň «Sunreef ULTIMA 88» ýahtasyny sargyt etdi.

Oýunçynyň sargydyny Sunreef Yachts kompaniýasy resmi taýdan tasyklady.

Uzynlygy, takmynan, 27 metr bolan katamaran häzirki wagtda Birleşen Arap Emirliklerindäki gämi ussahanasynda gurulýar. Gäminiň içinde bäş otag, şol sanda giň ýatylýan otag, panoramalaýyn görnüşli dynç alyş zolaklary, «Ocean Lounge» görnüşli basseýn we gidrosikl üçin aýratyn garaž göz öňünde tutuldy.

Ýahta her biriniň kuwwaty 1000 at güýjüne deň bolan iki sany hereketlendiriji bilen üpjün edildi. Geljekde ol Ispaniýanyň Balear adalarynda ýerleşýän MIM Ocean flotuna goşular.

Lionel Messi maşgalasy bilen deňizde wagt geçirmegi gowy görýändigini aýdyp, täze ýahtada ýakynlary bilen lezzetli dynç almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.

«YachtWorld» neşiriniň maglumatlaryna görä, şeýle katamaran öň, takmynan, 10,4 million dollara satuwa çykarylypdy. Ýöne Messiniň ylalaşygynyň takyk mukdary we ýahtanyň gowşuryljak senesi hakda anyk maglumat berilmeýär.

Belläp geçsek, Sunreef Yachts kompaniýasynyň müşderileriniň arasynda Robert Lewandowski, Rafael Nadal, Karlos Alkaras we Fernando Alonso ýaly sport ýyldyzlary hem bar.