«Barselona» Stambulda, «Real» Rimde, «Siti» bolsa «PSŽ-ä» garşy: Çempionlar ligasynyň oýunlary

Şu gün, 16:263,771
1 / 4

13-nji we 14-nji oktýabrda UEFA Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ikinji duşuşyklary geçiriler. Öňümizdäki iki günde janköýerlere 18 oýun garaşýar, olaryň arasynda «Galatasaraý» bilen «Barselonanyň», «Atletiko» bilen «Mançester Ýunaýtediň», «Roma» bilen «Realyň», «Mançester Siti» bilen bolsa ýaryşyň häzirki ýeňijisi «Pari Sen-Žermeniň» duşuşyklaryny aýratyn bellemek bolar.

Şu gije «Barselona» Ýewropanyň iň gopgunly stadionlarynyň birinde myhmançylykda bolar.

Stambuldaky duşuşyk diňe bir sport däl, eýsem maliýe taýdan hem uly waka bolmagy wada berýär. «The Touchline» neşiriniň maglumatlaryna görä, «Galatasaraý» petekleriň we klub atributikasynyň satuwynyň hasabyna bir oýun gününiň dowamynda, takmynan, 5 million dollar gazanmagy göz öňünde tutýar. Käbir petekleriň bahasy 1520 dollara ýetdi, ýöne ähli ýerler oýundan has öň satylyp gutardy. Girdejiniň türkleriň klub futboly üçin rekord derejeli bolmagyna garaşylýar.

Ýer eýeleriniň janköýerleri bu duşuşygyň özleri üçin näderejede wajypdygyny eýýäm görkezip ýetişdi: oýundan öňki gije olar «Barselonanyň» düşlän myhmanhanasynyň golaýynda feýerwerkleri goýberip, hatda gije sagat 02:20 töweregi hem gopgun turzup ýördi.

Katalonlar duşuşyga güýçli hüjüm we haýran galdyryjy netijeler bilen gelýär, ýöne Stambul, belli bolşy ýaly, güýçlüleri-de gorkuzmagy başarýar. Geçen möwsümde «Galatasaraý» «RAMS Park» arenasynda «Ýuwentusy» (5:2 hasabynda), «Liwerpuly» (1:0) we Madridiň «Atletikosyny» (1:0) utupdy.

Agşamyň ýene-de bir iň gyzykly duşuşyklarynyň biri şol «Atletiko» bilen «Mançester Ýunaýtediň» arasynda bolar. Bilşimiz ýaly, madridliler guramaçylykly goragda güýçli, iňlis topary bolsa Ýewropa arenasynda öz maksatlaryny görkezmäge çalşar.

Ikinji oýun gününiň merkezi duşuşygy «Mançester Sitiniň» «Pari Sen-Žermene» garşy oýny bolar. Iki toparyň hem hüjüm hatarlary kuwwatly bolup, iň ýokary orunlara dalaş edýär. «PSŽ-niň» ýaryşyň häzirki ýeňijisi ady bu duşuşyga aýratyn gyzyklanma döredýär. Oýun «Sitiniň» çempiona garşy durmaga näderejede taýýardygyny görkezer.

«Romanyň» we «Realyň» duşuşygy Žoze Mourinýu üçin üýtgeşik bolup biler. Portugaliýaly hünärmen ozal Rim klubuna tälim beripdi, indi bolsa Madrid topary bilen Italiýa gaýdyp gelýär. Jan Pýero Gasperiniň ýolbaşçylygyndaky «Roma» Ýewropanyň iň köp titul gazanan klublarynyň birine garşy durmaga synanyşar.

Ähli duşuşyklaryň başlanýan wagty Aşgabat wagty bilen görkezilendir. Iki duşuşyk sagat 21:45-de başlanar, her oýun gününiň galan duşuşyklary bolsa — ýarygije, eýýäm indiki senenama gününde başlanar.

13-nji oktýabr

  • 21:45 — «Lans» — «Sporting»
  • 21:45 — «Sabah» — «Slawiýa»
  • 00:00 — «Arsenal» — «Lill»
  • 00:00 — «Atletiko» — «Mançester Ýunaýted»
  • 00:00 — «Inter» — «Brýugge»
  • 00:00 — «RB Leýpsig» — «PSW»
  • 00:00 — «Wiking» — «Bawariýa»
  • 00:00 — «Wilýarreal» — «Napoli»
  • 00:00 — «Galatasaraý» — «Barselona»

14-nji oktýabr

  • 21:45 — «Feýenoord» — «Komo»
  • 21:45 — LASK — «Liwerpul»
  • 00:00 — «Roma» — «Real»
  • 00:00 — «Aston Willa» — «Fenerbahçe»
  • 00:00 — «Şahtýor» — «AEK»
  • 00:00 — «Budö-Glimt» — Dortmundyň «Borussiýasy»
  • 00:00 — «Mançester Siti» — «Pari Sen-Žermen»
  • 00:00 — «Real Betis» — «Portu»
  • 00:00 — «Slowan» — «Ştutgart»