Erkin göreş boýunça türkmen türgeni Alp Arslan Begenjow 14-nji noýabrda Abu-Dabidäki (BAE) «Etihad Arena» meýdançasynda geçiriljek «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşynda ilkinji gezek çykyş eder. Onuň garşydaşy amerikaly Kaýl Deýk bolar.
35 ýaşly Deýk NCAA-iň dört gezek çempiony, dünýäniň dört gezek çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek bürünç baýragynyň eýesidir. Ol RAF-da birinji agyr agram derejesinde (Cruiserweight) çykyş edýär we häzir bu diwizionyň çempiony. Türgeniň RAF ligasyndaky professional rekordy 6-0. Alp Arslan bilen tutluşyk onuň üçin çempionlyk titulynyň nobatdaky goragy bolar.

20 ýaşly Begenjow geljegi uly türkmen türgenleriniň biri hasaplanýar. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ol 79 kg çenli agram derejesinde Pontewedrada U20 ýaryşyny utup, Türkmenistanyň taryhynda ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça ilkinji dünýä çempiony boldy. Şol ýyl ol Aziýanyň ýaşlar çempionatynyň altyn baýragyny hem gazandy. 2026-njy ýylda türgen 86 kg çenli agrama geçdi we Bratislawada geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.
«RAF Abu Dhabi» liganyň Ýakyn Gündogardaky ilkinji ýaryşy bolar. Agşamyň esasy tutluşygynda Hamzat Çimaýew we Kolbi Kowington «Cruiserweight Crossover» çempionlyk tituly üçin göreşer. Şeýle hem maksatnamada Arman Sarukýan bilen Neýman Greýsiň, Umar Nurmagomedow bilen Ýuraýýa Feýberiň we Kaýl Snaýder bilen Şamil Erdoganyň duşuşyklary bar.
Mundan başga-da, ýaryşda Genri Sehudo, Jordan Berrouz we Abdulraşid Sadulaýew çykyş eder.