«Akyla sygmajak ýaryş! F-1-de heniz beýle zat görmändim»: Werstappen Las-Wegas Gran-prisinde ýeňiji boldy

Şu gün, 12:502,080
1 / 2

«Red Bull» toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen «Formula-1» dünýä çempionatynyň 21-nji tapgyry bolan Las-Wegas Gran-prisinde ýeňiji boldy.

Ikinji orny «McLaren» toparyndan britaniýaly Lando Norris eýeledi, hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa onuň topardaşy, awstraliýaly Oskar Piastri çykdy.

«Akyla sygmajak ýaryş, ynanar ýaly däl! Formula-1-de heniz beýle zat görmändim. Ilkibaşdan energiýanyň sarp edilişinde hemme zat gowudy, ýöne bäsdeşler, elbetde, öwrenýär, seniň näme edýäniňi görýär. Men aýlawyň gutarýan çyzygyna çenli öňdebaryjylygy elden bermeli däldim, şonuň üçin bu pursaty topar bilen maslahatlaşdym. Biz örän köp göreşdik, ahyrynda baş alyp çykdyk. Bu gezek slipstrim şeýle bir güýçli boldy welin, öňe saýlanmak mümkin däldi. Näçe sürüjiniň biri-biriniň ýanyndan deň ýörändigine akyl ýetirer ýaly däl» diýip, Werstappen ýaryşdan soň gürrüň berdi.

Ozal möhletinden öň çempionlyk derejesini gazanan italiýaly Kimi Antonelli ilkinji bolup 400 utukdan geçdi. Indi onuň hasabynda 402 utuk bar. Çempionatyň öňdebaryjylarynyň üçlügine 304 utuk bilen Werstappen hem-de 267 utuk toplan «Ferrari» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lýuis Hemilton hem girýär.

Konstruktorlar kubogynda hem möwsümiň ýeňijisi eýýäm kesgitlendi. Birinji orny 666 utuk bilen «Mercedes», ikinjini «Ferrari» (517), üçünjini bolsa «Red Bull» (440) eýeleýär.

Dünýä çempionatynyň indiki tapgyry 27–29-njy noýabr aralygynda Katarda geçiriler.