Mercedes 2021-nji ýyldan bäri birinji gezek F-1-iň Konstruktorlar kubogynyň eýesi boldy

Şu gün, 11:201,708
1 / 2

«Mercedes» topary «Formula-1» ýaryşlarynyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda Konstruktorlar kubogynyň eýesi boldy. Şeýlelikde, topar 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek möwsümiň toparlaýyn çempiony boldy. Bu ýeňiş San-Paulu Gran-prisiniň netijeleri boýunça gazanyldy.

«Mercedes» toparynyň sürüjileri Jorj Rassel we Andrea Kimi Antonelli ýaryşy, degişlilikde, dördünji we bäşinji orunlarda tamamladylar. Ýaryşdan soň toparyň hasabyndaky utuklaryň sany 652-ä ýetdi. Şeýlelikde, 512 utugy bolan «Ferrari» toparynyň onuň yzyndan ýetmek mümkinçiligi galmady. Konstruktorlar kubogy ugrundaky bäsleşikde 415 utuk bilen «Red Bull» üçünji orny eýeleýär.

San-Pauluwdaky ýaryşda «McLaren» toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris ýeňiş gazandy. Ikinji orny «Red Bull» toparyndan Maks Werstappen, üçünji orny bolsa onuň topardaşy Isak Hajar eýeledi.

Bu «Mercedes» toparynyň taryhyndaky dokuzynjy çempionlyk kubogydyr.

Ýatlap geçsek, Antonelli mundan öň sürüjileriň arasynda geçirilýän çempionatda hem möhletinden öň ýeňiş gazanyp, «Formula-1» ýaryşynyň taryhyndaky iň ýaş çempion boldy.

Indiki ýaryş 21-nji noýabrda ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçiriler.