Werstappen bulam-bujarlykly ýaryşda ýeňip, «F-1» möwsüminde ilkinji ýeňşini gazandy

Şu gün, 20:251,018
1 / 6

«Red Bull» toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen 2026-njy ýylyň Bahreýn Gran-prisinde birinji bolup, «Formula-1» möwsüminde özüniň ilkinji ýeňşini gazandy.

Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebäpli, ýaryş Malaýziýanyň «Sepang» awtodromynda geçirildi, ýöne bu ýerde hem oňa güýçli çabga päsgelçilik döretdi. Şeýlelikde, bu hadysa we ulaglary gyzdyrma aýlawyndaky tehniki bökdençlikler sebäpli, ýaryş iki sagat diýen ýaly yza süýşürildi.

Dört gezek dünýä çempiony bolan Werstappen ýaryşa pouldan başlady, ýöne öl ýolda ýaryşyň başlangyjy o diýen şowly bolmady. Muňa garamazdan, Werstappen öňe saýlanmagy başardy we pellehana çenli birinjiligi saklady.

Çempionatyň lideri, «Mercedes» toparyndan Andrea Kimi Antonelli ikinji, «Ferrari» toparyndan Lýuis Hemilton bolsa üçünji boldy.

Bu möwsümde niderlandly sürüji ilkinji gezek münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ýakynda ol «Red Bull» tarapyndan degişme hökmünde gurnalan ýüz sany kartingçi bilen bolan ýaryşda ýeňiş gazanyp, muny özüniň köpden bäri garaşylýan ilkinji kubogy diýip ýaňsyly belläpdi. Indi bolsa ol «Formula-1» ýaryşynda hakyky üstünlige ýetdi.

Şahsy hasap:

  1. Kimi Antonelli (Mercedes) — 320 utuk
  2. Jorj Rassell (Mercedes) — 236
  3. Lýuis Hemilton (Ferrari) — 214
  4. Şarl Lekler (Ferrari) — 191
  5. Lando Norris (McLaren) — 188
  6. Maks Werstappen (Red Bull) — 188
  7. Oskar Piastri (McLaren) — 128
  8. Isak Hajar (Red Bull) — 96
  9. Liam Louson (Racing Bulls) — 65
  10. Pýer Gasli (Alpine) — 41

Konstruktorlaryň kubogy:

  1. «Mercedes» — 556 utuk
  2. «Ferrari» — 405
  3. «McLaren» — 316
  4. «Red Bull» — 298
  5. «Racing Bulls» — 90
  6. «Alpine» — 68
  7. «Haas» — 27
  8. «Audi» — 17
  9. «Williams» — 12
  10. «Aston Martin» — 3
  11. «Cadillac» — 0