Türkiýe alty ýyllyk arakesmeden soň 2027-nji ýylyň möwsüminde «Formula-1» awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň senenamasyna gaýdyp geler. Gran-pri tapgyry 3-nji oktýabrda Stambuldaky «Istanbul Park» ýolunda geçiriler.
Türkiýedäki ýaryş uik-endi 1-nji oktýabrda türgenleşik sürüşleri bilen başlar. 2-nji oktýabrda kwalifikasiýa, esasy ýaryş bolsa 3-nji oktýabrda geçer.
Türkiýe tapgyry soňky gezek 2021-nji ýylda geçirilipdi. Şonda «Mercedes» üçin çykyş eden finlýandiýaly pilot Waltteri Bottas ýeňiş gazanypdy.
2027-nji ýylda Portugaliýa hem senenama gaýdyp geler. Portimandaky awtodromda geçiriljek ýaryş 20-nji iýuna meýilleşdirilýär.
Täze möwsümiň senenamasy 22 ýurtda 24 ýaryşy we 10 sprinti öz içine alýar.
Sprintler Awstraliýada, Ýaponiýada, Bahreýnde, Monakoda, Kanadada, Beýik Britaniýada, Italiýada, Braziliýada, Katarda we Abu-Dabide geçiriljek tapgyrlarda bolar.
Sprint ýaryş uik-endiniň çäklerindäki gysga ýaryş bolup, ol pilotlara goşmaça utuklary toplamaga mümkinçilik berýär. Tomaşaçylar üçin bu esasy ýaryşa çenli bäsleşik sessiýalarynyň sanynyň artmagyny aňladýar.