«Mercedes» toparynyň italýan sürüjisi Kimi Antonelli Mehikodaky Gran-priniň netije-lerine görä, «Formula-1» boýunça dünýä çempiony boldy.
Möwsümiň 19-njy tapgyrynda üçünji orny eýelän 20 ýaşly türgen çempionatyň tamamlanmagyna dört ýaryş galanda çempionlyk adyny gazanmagy başardy.
Antonelli «Formula-1-iň» taryhynda iň ýaş çempion boldy. Şeýle-de ol 1953-nji ýylda çempion bolan Alberto Askariden bäri şahsy sanawda ýeňiş gazanan ilkinji italiýaly sürüjidir.
Mehikodaky ýaryşda «Red Bull» toparynyň sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. «Ferrari» toparynda çykyş edip, saýlama tapgyrda birinji orny eýelän Lýuis Hemilton pellehana ikinji bolup geldi.
Antonelli bolsa üçünji orny eýeledi. Şeýle-de bolsa, onuň gazanan utuklary bäsdeşlerinden arany üzül-kesil açmagyna we çempionlyk adyny wagtyndan öň gazanmagy üçin ýeterlik boldy. Häzirki wagtda onuň iň ýakyn bäsdeşinden artykmaçlygy 119 utuga ýetdi.
«Ömürlik ýadymda galjak bu pursat üçin diýseň minnetdar. Dogrusy, bolup geçenlere heniz düşünip ýetişmämsoň, näme diýjegimi-de bilemok. Bu gaty gowy möwsüm boldy. Şu münberde Maks we Lýuis bilen bile durmak bolsa, hakykatdan-da, ajaýyp duýgy» diýip, Antonelli begenjini paýlaşdy.

Deňiz derejesinden ep-esli belentlikde ýerleşýän «Autódromo Hermanos Rodríguez» awtodromynda geçirilen ýaryş diýseň dartgynly boldy. Ýaryşyň dowamynda birnäçe awtoulag çaknyşygy bolup geçdi. Waltteri Bottasyň gatnaşmagyndaky çaknyşykdan soň, ýaryş 33 minutlap togtadyldy.
Mehikodaky Gran-priden soň sürüjileriň şahsy sanawy:
1. Kimi Antonelli («Mercedes») — 380 utuk;
2. Maks Werstappen («Red Bull») — 261 utuk;
3. Lýuis Hamilton («Ferrari») — 259 utuk;
4. Jorj Rassell («Mercedes») — 250 utuk;
5. Şarl Lekler («Ferrari») — 245 utuk;
6. Lando Norris («McLaren») — 221 utuk;
7. Oskar Piastri («McLaren») — 150 utuk;
8. Aýzek Hajar («Red Bull») — 105 utuk
9. Liam Louson («Racing Bulls») — 79 utuk;
10. Pýer Gasli («Alpine») — 43 utuk.
Konstruktorlaryň kubogy ugrundaky bäsleşik:
1. «Mercedes» — 630 utuk;
2. «Ferrari» — 504 utuk;
3. «Red Bull» — 380 utuk;
4. «McLaren» — 371 utuk;
5. «Racing Bulls» — 104 utuk;
6. «Alpine» — 74 utuk;
7. «Haas» — 30 utuk;
8. «Audi» — 23 utuk;
9. «Williams» — 12 utuk;
10. «Aston Martin» — 7 utuk;
11. «Cadillac» — 0 utuk.