Ispaniýada iki ýolagçy otlusy çaknyşdy: heläkçilik köp sanly pida getirdi

Düýn, 17:287,900
1 / 4

28-nji oktýabrda irden Ispaniýanyň Toledo welaýatynda Madrid — Sewilýa gatnaw ugrunda iki sany tiz ýolagçy otlusy çaknyşdy. Heläkçiligiň netijesinde azyndan 50 adam heläk boldy, ýene 179 adam şikes aldy. Pida bolanlaryň takyk sany baradaky maglumatlar aýdyňlaşdyrylýar diýip, Kastiliýa-La-Mançanyň Raýat goragy gullugyna (Protección Civil) salgylanyp, «Antena 3» teleýaýlymy habar berýär.

Heläkçilik ýerli wagt bilen sagat 08:54 töweregi Urda şäheriniň golaýynda, Los-Ýebenes we Urda ilatly nokatlarynyň arasynda boldy. Çaknyşyga Renfe döwlet operatorynyň AVE otlusy hem-de Iryo hususy kompaniýasynyň wagonlary gatnaşdy. Iki otluda jemi 540-dan gowrak adam bardy.

Deslapky maglumatlara görä, Renfe otlusy ýoldaky Iryo-nyň soňky wagonlaryna baryp urupdyr. Iryo otlusynyň iki wagony relsden çykyp, belentlikden aşak gaçypdyr. Pajyga getiren sebäpler anyklanylýar; duýduryş ulgamynyň işinde nähilidir bir näsazlygyň bolandygy barada belli-külli maglumat ýok.

Wakanyň bolan ýerinde ýangyn söndürijiler, Raýat gwardiýasynyň, raýat goragy gullugynyň işgärleri we lukmançylyk toparlary işleýär. Ejir çekenlere kömek bermek üçin sanitariýa dikuçarlary we göçme lukmançylyk bölümleri hem işe çekildi.

Heläkçilik sebäpli Madrid bilen Andalusiýanyň arasyndaky ýokary tizlikli ugurda otlularyň gatnawy wagtlaýyn togtadyldy. Renfe demirýol operatory golaýdaky gatnawlaryň ýolagçylarynyň bronlaryny mugt üýtgedip ýa-da sapary ýatyryp biljekdiklerini habar berdi.

2026-njy ýylyň ýanwar aýynda hem Ispaniýanyň Kordowa welaýatynda ýolagçy otlularynyň çaknyşygy bolup geçipdi, şonda 46 adam heläk boldy. Şol heläkçilik 2013-nji ýylda Santýago-de-Kompostelada 80 adamyň ömrüni kesen otly heläkçiliginden bäri ýurtdaky iň uly demirýol hadysasy bolupdy.