Günorta Afrika Respublikasynda iki sany ýolagçy uçary Keýptaundaky märeke doly «DHL» stadionynyň bassyrmasynyň üstünden rekord derejede pes belentlikde uçup geçip, kyn öwrümli awiaşüweleň görkezdi. Bu barada BBC News habar berýär.
Bu hadysa 29-njy awgustda regbi boýunça dünýä belli bäsdeşler — GAR-yň («Springboks») we Täze Zelandiýanyň («All Blacks») milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda bolup geçdi (oýunda GAR 33:26 hasaby bilen ýeňiş gazandy).
«Flightradar24» gözegçilik ulgamynyň maglumatyna görä, uçarlar stadionyň bassyrmasynyň bary-ýogy 12–15 metr ýokarysyndan geçdi. Daşyndan göreniňde, uçarlar 55 müňden gowrak janköýeriň ýygnanan meýdançasynyň üstüne gaçaýjak ýaly bolubam göründi.
Uçuşa ýaryş bilen resmi hyzmatdaşlygy saklaýan ýerli Airlink awiakompaniýasynyň «Embraer E190» we «Embraer E195» kysymly iki sany gysga aralykly ýolagçy uçary gatnaşdy. Uçarlaryň biri ýaşyl (GAR-yň nyşany), ikinjisi bolsa gara (Täze Zelandiýanyň milli ýygyndysyna laýyklykda) reňk bilen boýaldy.
Ikinji uçar geçip barýarka, duşuşygyň açylyş dabarasynda bassyrmadan goýberilen baýramçylyk feýerwerkinden çykan reňkli goýy tüssä gaplandy.

Bu çylşyrymly hokganyň wideoýazgylary sosial torlarda şobada ýaýrap, bilermenleriň köpüsinde nägilelik döretdi. Awiasiýa hünärmenleri beýle öwrümi gerekmejek töwekgelçilik hasapladylar.
Muňa garamazdan, kompaniýanyň özünde bu uçuşyň hemmetaraplaýyn meýilleşdirilendigini, GAR-yň Raýat awiasiýasy müdirligi bilen ylalaşylandygyny, şeýle-de uçarlary köpügören uçarmanlaryň dolandyrandygyny mälim etdi.
Raýat uçarlarynyň stadionyň üstünden uçup geçmegi Günorta Afrikada öňden gelýän we möhüm sport däbi hasaplanylýar. Bu däp 1995-nji ýylda Ýohannesburgda geçirilen Regbi boýunça Dünýä kubogynyň finalyndan gözbaş alyp gaýdýar. Şonda ägirt uly «Boeing 747» uçary milli ýygynda goldaw hökmünde tomaşaçylaryň üstünden uçup geçipdi. Uçaryň aşagynda hemmelere görner ýaly ägirt uly harplar bilen «Go Springboks» (Öňe, Springboks!) diýlip ýazylypdy. Bu waka aparteidden saplanan halkyň jebisliginiň alamaty hökmünde kabul edilipdi.
Şondan bäri wajyp regbi oýunlaryndan öň şeýle uçuşy amala aşyrmak ýoň boldy.