Ýer ýüzünde global heläkçilik dörän ýagdaýynda iň howpsuz bolup biljek ýer saýlandy

Düýn, 21:004,510

Global heläkçilik dörän ýagdaýynda Awstraliýa iň durnukly ýurtlaryň biri bolup biler.

Alymlar ýadro urşunyň, epidemiýalaryň, wulkan atylmalarynyň, asteroidleriň gaçmagynyň we beýleki uly howplaryň netijeleri baradaky ýüzlerçe barlaglary öwrenip, şeýle netijä geldi. Ylmy iş «Global Challenges» žurnalynda neşir edildi.

Hünärmenler diňe bir howplaryň özüne däl, eýsem, çökgünlik wagtynda döwletleriň ýaşamak üçin zerur bolan şertleri saklap galmak ukybyna hem baha berdi. Hasaplamalarda azyk önümçiligi, energetika, ulag, senagat we döwlet institutlarynyň işi göz öňünde tutuldy.

Maddy taýdan baý we syýasy taýdan durnukly, senagaty ösen, deňsizligiň derejesi pes hem-de degişlilikde özbaşdak ykdysadyýeti bolan ýurtlar iň durnuklysy bolup çykdy. Beýleki döwletlerden uzakda ýerleşmek hem goşmaça artykmaçlyk diýlip hasaplanýar.

Awstraliýa birbada şeýle faktorlaryň birnäçesini özünde jemleýär. Bu oba hojalygy, senagaty we magdan pudagy ösen çet döwletdir. Ýurt ep-esli möçberde azyk öndürýär, özüniň garaşsyz energetikasy bar.

Şol bir wagtyň özünde, Awstraliýany bütinleý howpsuz ýer diýip hem bolmaz. Ýurt ýangyjyň, dermanlaryň we dökünleriň halkara üpjünçiligine garaşly, uzalyp gidýän kenarýakasy bolsa ony sunaminiň öňünde ejiz edýär.

Alymlar beýleki durnukly döwletleriň hatarynda Täze Zelandiýany, Ýaponiýany, Şweýsariýany we Argentinany agzady. Ýöne her bir ýurduň öz gowşak taraplary bar.

Hünärmenleriň pikiriçe, has durnukly döwletler global heläkçiliklerden soň dikeldiş işleri üçin daýanç nokady bolup biler — meselem, azyk ätiýaçlyklaryny we tohum banklaryny saklap biler.

Alymlaryň işiniň esasy netijesi heläkçilikleriň öňüni almak we olara öňünden taýýar bolmak zerurlygynyň wajyplygyna üns çekmekden ybaratdyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.