Tebigaty gorap saklamaga gönükdirilýän maýa goýumlaryň her bir dollaryna onuň ýok edilmegine we tebigy serişdeleriň tükenmegine sarp edilýän 30 dollar düşýär. Bu barada Ýerewanda BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky maslahatynyň (COP17) çäginde geçirilen Liderler sammitinde eden çykyşynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş aýtdy.
BMG-niň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, diňe 2023-nji ýylda daşky gurşawa zyýan ýetirýän pudaklara — agyr senagata, agrobiznese we uglewodorodlary gazyp almaga 7,3 trillion dollar gönükdirildi. Biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça ählumumy maksatlara ýetmek üçin her ýyl, takmynan, 1 trillion dollar talap edilýär, bu bolsa global JIÖ-niň bary-ýogy 1 göterimine barabar — bu Ýer ýüzünde ýaşaýşy üpjün edýän ulgamlary gorap saklamak üçin o diýen uly baha däl.
Munuň bilen bir hatarda, Guterriş gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda ep-esli ösüşiň bardygyny hem belledi. 2010-njy ýyldan bäri gün panelleriniň bahasy 90 göterim, akkumulýatorlaryňky bolsa 95 göterim arzanlady, munuň netijesinde ýaşyl energetika maýa goýumlaryň möçberi, nebit-gaz pudagyna garanda, iki esse çalt ösýär.
Şol bir wagtyň özünde arassa energiýany peýdalanmakdan gelýän bähbitler tutuş dünýäde deň paýlanmadyk we halkara maliýe guramalarynyň wezipesi bu ugurda ösüp barýan ýurtlara goldaw bermekdir diýip, Guterriş belleýär.
Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary öz ygtyýarlyklarynyň tamamlanmagyna 76 günüň galandygyny ýatlap geçdi we klimat çökgünligine garşy göreşmegiň hem-de biologik köpdürlüligi goramagyň geljekki nesilleriň hatyrasyna özüniň ileri tutulýan ugry bolandygyny nygtady.
Ýatladyp geçsek, Ýerewanda geçirilen Liderler sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem wajyp başlangyçlar bilen çykyş edipdi.