2026-njy ýylyň oktýabr — dekabr aýlary aralygynda El-Ninýo howa hadysasy dünýäniň 100-e golaý ýurduna adatdan daşary yssyny, guraklygy we güýçli ýagynlary getirer. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) maglumatlaryna görä, 347 milliondan gowrak çaga töwekgelçilikli zolaga düşer.
«100-e golaý ýurtdaky we çäklerdäki 347 milliondan gowrak çaga El-Ninýo sebäpli ýüze çykjak adatdan daşary çygly ýa-da gurak howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz bolup biler; bu ýagdaý betbagtçylykly netijelere getirip biljek adatdan daşary suw joşgunlarynyň we gurakçylygyň bolmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar» diýip, gurama duýdurýar.
Esasy zarba Aziýa-Ýuwaş umman sebitine düşer, bu ýerde 190 million töweregi goraga mätäç çaga ýaşaýar. Ýene-de 41 milliondan gowrak kämillik ýaşyna ýetmedikler Gündogar we Günorta Afrikada, şeýle hem Latyn Amerikasynda we Karib basseýninde howp astynda bolar.
Hünärmenler azyk hem-de agyz suwunyň ýetmezçiliginden, howply ýokanç keselleriň ýaýramagyndan we maşgalalaryň köpçülikleýin göçmeginden howatyrlanýar. Mundan başga-da, adaty bolmadyk howa şertleri jemgyýetçilik infrastrukturasyny weýran edýär: 2025-nji ýylda El-Ninýonyň netijeleri sebäpli, 171 million okuwçy okuwyna wagtynda başlap ýa-da dowam etdirip bilmedi. Betbagtçylygyň täze tolkuny ýene-de mekdepleriň köpçülikleýin ýapylmak howpuny döredýär.
«Global derejede 1,1 milliard çaga, dünýädäki ähli çagalaryň ýarysy diýen ýaly, eýýäm gurakçylyk, aşa yssy ýa-da suw joşgunlary ýaly azyndan üç sany bir wagtda hereket edýän howa howplaryna sezewar bolýar; El-Ninýonyň bu sarsgynlary has-da güýçlendirmegine garaşylýar» diýip, ÝUNISEF-de bellenildi.
BMG-niň wekilleri dünýä hökümetlerini we haýyr-sahawat gaznalaryny gaýragoýulmasyz tertipde ynsanperwer kömegini taýýarlamaga hem-de ejiz sebitleriň goragyny berkitmäge çagyrýar.