Ispaniýanyň Awila welaýatynda derýalar we çeşmeler gara reňke boýaldy. Güýçli ýagyşlar uly tokaý ýangynyndan galan külleri ýuwup gelşine, derýalara we suw howdanlaryna gapgardy diýip, ABC habar berýär.
Burgohondo sebitindäki ýangyn iki aýdan gowrak wagt dowam edip, diňe 3-nji oktýabrda gözegçilik astyna alyndy. Ýangyn 37 800 gektardan gowrak meýdany gurşap aldy. Bu Kastiliýada we Leonda, resmileşdirilip başlandan bäri, iň uly tokaý ýangyny boldy. Soňra bu sebitde güýçli ýagyn ýagdy we ýangyndan galan küller ýuwlup, derýalara we çeşmelere gapgaryldy, netijede, suw garaldy.
Welaýatyň bäş şäherçesinde suw üpjünçiligi bilen bagly kynçylyk ýüze çykan ýagdaýynda ilaty agyz suwy bilen üpjün eder ýaly işler ýola goýlup başlandy.
Güýçli ýagyşlar başga-da birnäçe kynçylyklaryň döremeginiň sebäbi boldy. Kastiliýanyň we Leonyň Raýat goranyşy gullugynyň maglumatyna görä, dürli sebitlerde derýalaryň daşmagy, suw joşgunlary we beýleki hadysalary ýüze çykdy.