Indoneziýada tüweleý we çabga sebäpli ýüzlerçe öý zyýan çekdi

Düýn, 11:364,446
1 / 3

Indoneziýanyň Ýawa adasynyň günbatar böleginde güýçli ýel we çabga sebäpli ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna we birnäçe jemgyýetçilik infrastrukturasyna degişli desga zeper ýetdi. Indoneziýanyň Tebigy betbagtçylyklara garşy göreş boýunça milli gullugynyň (BNPB) maglumatlaryna görä, bu tebigy hadysadan iň köp zyýan çeken ýer Günbatar Bandung etraby boldy.

15-nji noýabrda alnan maglumatlara görä, Batujajar we Çihampelas etraplarynyň dokuz obasynda, takmynan, 588 sany ýaşaýyş jaýyna, iki sany dini desga, bir mekdebe we bir durmuş maksatly desga zeper ýetdi. Betbagtçylykdan 427 maşgala zyýan çekdi we üç adam şikes aldy: olaryň ikisiniň ýagdaýy ýeňil, biriniňki bolsa agyr. 12 ýaşaýjy öýlerini terk etmäge mejbur boldy.

Galangang obasynda 87 sany ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi. Ýerli häkimiýetler we halas ediş gulluklary ilaty howpsuz ýere göçürmek, ýetirilen zyýana baha bermek hem-de arassalaýyş işlerini alyp barýarlar.

Güýçli ýel goňşy Bandung etrabyna hem zeper ýetirdi. Bu ýerde 372 sany ýaşaýyş jaýy, 25 söwda dükany, bir edara binasy we dört sany jemgyýetçilik infrastruktura desgasy zyýan çekdi. Mundan başga-da, Pananjung obasynda toprak süýşgüniniň öňüni alýan bir berkitme diwary ýykyldy.

Çibeurum bazarynyň töwereginde güýçli ýel 25 dükanjygyň üçegini uçurdy. Häkimiýetler jaýlaryna uly zeper ýeten adamlar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlaryny taýýarlap, dikeldiş işlerini çaltlandyrýarlar.