Bolgariýanyň günorta-gündogaryndaky Ýambol welaýatynda, Zimnitsa obasynyň golaýynda onlarça ulagyň gatnaşmagynda uly ýol-ulag hadysasy boldy. Heläkçiligiň netijesinde 12 adam aradan çykdy, 50 töweregi adam şikes aldy diýip, Reuters habar berýär.
Betbagtçylyk 10-njy noýabrda irden «Frakiýa» awtomobil ýolunda bolup geçdi. Associated Press agentliginiň maglumatyna görä, ýolda jemi 86 ulag, şol sanda köp sanly ýük awtoulagy çaknyşdy.
Bolgariýanyň Içeri işler ministrliginiň baş sekretary Lýubomir Nikolowyň habar bermegine görä, köpçülikleýin ýol-ulag hadysasy, ilki bilen, bir awtobusyň ýük awtoulagyny kakmagy netijesinde başlanypdyr. Saglygy goraýyş ministri Katýa Iwkowanyň aýtmagyna görä, 11 adam wakanyň bolan ýerinde aradan çykypdyr, ýene bir adam bolsa hassahana eltilenden soň ýogalypdyr.
Häzirki wagtda polisiýa heläkçiligiň sebäplerini derňeýär. Ilkinji çaklamalara görä, betbagtçylyga goýy ümür sebäpli görüş aralygynyň birden peselmegi we sürüjileriň şol şertlere laýyk gelmeýän ýokary tizlikde hereket etmegi sebäp bolupdyr.
Betbagtçylyk sebäpli Bolgariýanyň Premýer-ministri Rumen Radow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen geçirmeli duşuşygyny kesip, wakanyň bolan ýerine ugrady. Ol 11-nji noýabry milli matam güni diýip yglan etdi.