Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynda 5,7 magnitudaly ýertitreme bolup, azyndan 24 adam şikes aldy. Bu barada Fuji Television Network teleýaýlymyna salgylanyp, RBK habar berýär.
Ýertitreme 8-nji noýabra geçilýän gije ýerli wagt bilen sagat 01:04-de hasaba alyndy. Onuň merkezi goňşy Şizuoka prefekturasynyň günbatar böleginde ýerleşdi. Ýaponlaryň Şindo seýsmiki işjeňlik şkalasy boýunça iň ýokary yranma derejesi 5+ bolup, bu görkeziji Aýti prefekturasynyň Çita şäherinde hasaba alyndy.
Tebigy hadysa sebäpli Toýohasi şäherinde awtoulag satylýan dükanyň aýna penjireleri döwüldi, ýaşaýyş jaýlarynyň biriniň daşyndan örülen germew ýykyldy. Ýerasty sarsgynlar Aýti prefekturasynyň beýleki şäherlerinde, şeýle hem goňşy Gifu prefekturasynda-da duýuldy.