Indoneziýanyň Palankaraýa şäherinde ýaşaýjylara mugt kislorod almaga mümkinçilik berýän ýörite awtobuslar gatnap başlady. Independent neşiriniň habar bermegine görä, bu awtobuslar tokaý ýangynlary sebäpli emele gelen gurumdam ejir çekýän adamlara kömek edýär.
Ak-gök reňkli awtobuslarda lukmançylyk işgärleri nobatçylyk edýär. Isleg bildiren adamlar, lukmanlar olaryň maglumatlaryny hasaba alýançalar, ýörite turbajyk arkaly 5–10 minutyň dowamynda kisloroddan dem alyp bilýärler.
Şonuň ýaly-da ýerli häkimiýetler ýaşaýjylar we ýangyn söndürijiler üçin «kislorod öýi» diýlip atlandyrylýan ýörite merkezi açdylar. Bar bolan maglumatlara görä, häzire çenli azyndan 127 adama mugt kömek berildi.
Dem alyş ýollarynyň keselleriniň köpelmegi ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar. Awgust aýyndan 25-nji oktýabra çenli Indoneziýada şeýle keselleriň, takmynan, 350 müňüsi hasaba alyndy.
Howanyň hapalanmagy goňşy Singapura we Malaýziýa hem täsir etdi. Käbir sebitlerde howanyň hapalanma derejesi 1000 baldan geçdi. Bu bolsa howply hasaplanýan çäkden, ýagny 300 baldan ep-esli ýokarydyr.
Indoneziýada tokaý ýangynlary ýygy-ýygydan ýüze çykyp durýar. Emma şu ýylky ýangynlar soňky 11 ýyla golaý wagtyň içinde iň agyry boldy. Ýaşaýjylar üsgülewükden, dem alşyň kynlaşmagyndan we sary gurumdan şikaýat edýärler.