Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan uly goşantlary üçin Parahat Amandurdyýew bilen Batyr Çaryýew Gazagystanyň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp görüldi. Bu barada respublikanyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Gazagystanyň döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýewiň tabşyrygy boýunça, 29-njy oktýabrda Döwlet geňeşçisi Ýerlan Karin Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň medeniýet we sungat äleminiň görnükli wekillerine II derejeli «Dostluk» (Достық) ordenlerini gowşurmak dabarasyny geçirdi.
Hususan-da, döwlet ordeni bilen medeni dialogy ösdürmäge we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge işjeň gatnaşandyklary üçin medeniýet işgäri Batyr Çaryýew, şeýle hem umumy medeni-ynsanperwer mirasy wagyz etmekde we goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin aýdymçy Parahat Amandurdyýew sylaglandy.
Bulardan başga-da, «Dostluk» ordenine aýdymçylar Mirbek Atabekow we Sewara Nazarhan, suratkeş-rejeleýji Taalaýbek Usubaliýew we dirižýor Kamoliddin Urinbaýew mynasyp görüldi.
Bellenilişi ýaly, sylaglar döwletleriň arasyndaky dostlugy, özara ylalaşygy we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan goşantlary üçin berildi.
«Sungatyň çägi ýok. Siz öz döredijiligiňiz bilen halklarymyzy ýakynlaşdyrýarsyňyz we ýaş nesle goňşy ýurtlaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna çuňňur düşünmäge kömek edýärsiňiz» diýip, Ýerlan Karin döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlary gutlady we olara täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.