29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankara şäherinde Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH agentligi habar berdi.
Dabara Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň döwlet baştutanlary we wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdy.

Täze seýilgähde Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň taryhy bilen baglanyşykly dürli desgalaryň nusgalary ýerleşdirilipdir. Bu ýerde milli binagärlik, taryhy ýadygärlikleriň nusgalary we däp bolan sergiler arkaly türki halklaryň umumy mirasy hem-de her bir halkyň medeni aýratynlyklary görkezilýär.
Dabaranyň dowamynda belent mertebeli myhmanlar bag nahallaryny oturtdylar, soňra milli pawilýonlar we medeni maksatnama bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň pawilýonynda türkmeniň ak öýi dikilip, onuň içinde halkymyzyň gündelik durmuşynda ulanylýan öý esbaplary, milli lybaslar we saz gurallary ýerleşdirildi. Ak öýüň ýanynda bolsa Türkmenistanyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ahalteke bedewiniň heýkeli oturdyldy.

Türkmen medeniýet we sungat ussatlary milli medeniýetiň hem-de halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalaryny görkezdiler. Dabara däp bolan küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi aýratyn öwüşgin çaýdy.
Seýilgähde şeýle hem beýleki türki döwletleriň sungat ussatlary çykyş etdiler we milli oýunlar görkezildi.
Dabaradan soňra döwlet Baştutanlary «Malazgirt» çäreler merkezine bardylar. Bu ýerde türki halklaryň Merkezi Aziýadan Anadola çenli taryhy ýoluna bagyşlanan atly çykyşlar we etnosport görkezilişleri ýaýbaňlandyryldy.
Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitiniň çäklerinde geçirilen bu çäre umumy taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge, özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga we doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.