Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde kottejleriň we köpgatly jaýlaryň gurluşygy bilen tanyşdy

Düýn, 21:354,109
1 / 2

Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäginde gurulýan kottejler toplumy we köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow kottejler toplumynyň çäginde lagym ulgamlarynyň, agyzsuw geçirijileriň we beýleki hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu işleriň bökdençsiz ýerine ýetirilmelidigini aýtdy. Kottejlere ýanaşyk ýerlerde we olaryň howlularynda bagy-bossanlygyň döredilmelidigi, ekologiýa ýagdaýynyň ýokary bolmalydygy aýratyn bellenildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri jaýlaryň otaglarynyň üpjünçiligi, olarda ornaşdyrylan mebeller, otaglaryň yşyklandyryş ulgamy we bu ýerde döredilen amatlyklar bilen tanyşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala agzalarynyň amatly dynç alşy üçin ähli zerur şertleriň ýola goýulmalydygyny nygtady. 

Ol täze şäheriň çäginde gurulýan köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň birine hem baryp gördi.

«Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilen bu jaýlaryň öýleri ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar we sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylýan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilipdir.

Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň ähli künjeklerinde tertip-düzgüni saklamak maksady bilen, wideogözegçilik ulgamynyň yzygiderli ýola goýulmalydygyny belledi.

Saparyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň awtomenziliniň we gurluşygy alnyp barylýan täze seýilgähiň ýerleşýän ýerinde saklandy. Bu ýerde adamlaryň we maşgalalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini, bag nahallarynyň we dürli reňkli gülleriň ekilmelidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.