Azerbaýjanly myhmanlar üçin «Galkynyş» toparynyň we Simfoniki orkestriň çykyşlary guraldy

Şu gün, 05:13586
1 / 6

19-njy oktýabrda Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Arkadag şäherinde we Aşgabatda medeni çäreler geçirildi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Leýla Aliýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen bilelikde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konsertine tomaşa etdi.

Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde «Galkynyş» topary çylşyrymly akrobatik tilsimleri, at üstündäki oýunlary we çapyksuwarlyk ussatlygyny görkezdi.

Aşgabatda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen konsertiň dowamynda türkmen we azerbaýjan sazlary, şeýle hem kinofilmler hem-de multfilmler üçin döredilen sazlar, şol sanda «Disney» kompaniýasynyň multfilmlerinden meşhur eserler ýerine ýetirildi.

Konsert maksatnamasyna girizilen çykyşlaryň arasynda halk äheňlerinden nusgawy sazlaryň hem bolmagy tomaşaçylarda örän uly täsirleri galdyrdy.