31-nji oktýabrda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Alagaraňkylyk» (Сумерки) filminiň saundtreginiň ýaňlanjak sazly agşamy geçiriler. Çäre SHAMMÉYA Event Architecture guramasy tarapyndan guralýar.
Konsert sagat 19:00-da başlanar. Dirižýor hökmünde Döwlet Ataýew çykyş edýär.

Bu agşam orkestriň ýerine ýetirmeginde filmiň dürli bölümlerinden meşhur romantik sazlar ýaňlanar. Güýz pasly mynasybetli tomaşaçylar gyzgyn hödür-kerem bilen garşylanar.
Petekleri satyn almak üçin aşakdaky telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz:
+99365035320
+99365628119
+99371679711